GDA ýurtlarynyň Sankt-Peterburgdaky mekdep sporty festiwalyna Türkmenistandan çagalaryň gatnaşmagyna garaşylýar


GDA-na agza ýurtlaryň arasynda Halkara mekdep sporty festiwaly 15-20-nji noýabr aralygynda Sankt-Peterburgda geçiriler. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Sport ministriniň orunbasary Alekseý Morozowyň aýdanlaryna salgylanyp, TASS habar berýär.
Morozowyň pikiriçe, 15-nji noýabrdan 20-nji noýabr aralygynda Sankt- Peterburgda geçiriljek festiwala Russiýadan, Azerbaýjandan, Ermenistandan, Belarussiýadan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan jemi 400 töweregi mekdep okuwçylary gatnaşar. - Mekdep okuwçylarynyň arasynda meşhur sport görnüşleri bolan badminton, 3x3 basketbol, woleýbol, kiçi futbol, stol tennisi we küşt boýunça ýaryşlar geçiriler.
GDA ýurtlarynyň arasynda Halkara mekdep sporty festiwaly 2013-nji ýyldan bäri Russiýanyň dürli sebitlerinde geçirilýär. Geçen ýyl bu ýaryş Russiýanyň Ufa şäherinde geçirildi.
ORIENT news








