Ýüregi urdurmagy başardylar: Minskde çaganyň ýüregine emeli garynjygyň täsin implantasiýasy geçirildi


Dört ýaşly çaganyň ýüregine emeli garynjygyň üstünlikli implantasiýasy üçin Minsk çaga hirurgiýasy merkezinde täsin operasiýa geçirildi. Şeýle inçe operasiýa dünýäde iň seýrek we çylşyrymly hasaplanýar. Ol birnäçe sagat dowam etdi.
Lukmanlar toparyna çaga ýürek hirurgy Konstantin Drozdowskiý ýolbaşçylyk edip, oňa Türkiýäniň tanymal professory Umit Kerwan kömek etdi diýip, MIR 24 habar berýär.
Çaga dünýä ineninden bäri ýürek problemalary bilen ýüzbe-ýüz bolup, transplantasiýa garaşýanlaryň sanawynda. Emma, çaganyň agramy 13 kg bolup, beýle operasiýa üçin ýeterlik däl. Iň azyndan 35 bolmaly. Gyzyň ýagdaýy erbetleşende, lukmanlar emeli nasos goýmak kararyna geldiler.
«Bu waka dünýäde ilkinji. Bu diňe bir emeli garynjygyň implantasiýasy däl, eýsem ýüregiň içinde geçýän baglanşykly operasiýa. Biz implantasiýa edilen nasosymyzyň gowy işlemegi üçin mitral klapana düzediş etdik», –diýip Ankara şähriniňm ýürek merkeziniň emeli garynjyklar we ýürek transplantasiýa bölüminiň müdiri Umit Kerwan aýtdy.
«Häzirki wagtda çaga elbetde dikeldiş ýolunda. Şu wagta çenli hemme zat meýilnama boýunça alnyp barylýar we bu gyz «sumkaly» mekdebe gatnap, durmuşdan lezzet alar diýip umyt edýäris», – diýip Minsk çaga ýürek hirurgiýasynyň Respublikan ylmy we amaly merkeziniň çaga ýürek hirurgy Konstantin Drozdowskiý aýtdy.
Kiçijik näsag alty aýdan hassahanadan çykarylar.
ORIENT news








