Özbegistandaky Şepagat uýalary akademiýasynda Türkiýäniň lukmançylyk ylymlary uniwersitetiniň fakulteti açylar


Ýakyn wagtda Özbegistanyň şepagat uýalary akademiýasynda Türkiýäniň lukmançylyk ylymlary uniwersitetiniň «şepagat uýasy işi» fakulteti açylar. Türk lukmançylyk uniwersitetiniň şahamçasyny döretmek baradaky karar Rejep Taýyp Erdogan tarapyndan tassyklandy diýip, Podrobno.uz habar berýär.
Şepagat uýalary akademiýasy, Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň 20-nji iýunda gol çeken kararyna laýyklykda Abu Ali ibn Sino adyndaky Çilanzar jemgyýetçilik saglyk kollejiniň esasynda dörediler. Okuw jaýy, 2023/2024-nji okuw ýylynda talyplar üçin gapylaryny açar diýip, habarda aýdylýar.
Täze fakultete giriş synaglary türk hünärmenleri we professorlary tarapyndan geçiriler. Şeýle-de dersler hem şolar tarapyndan berler. «Lukmançylyk dolandyryşy» (bakalawr derejesi) ugrundaky okuw meýilnamasy 4 ýyl üçin neýitlenendir. Şeýle hem akademiýanyň talyplary Türkyýäniň klinikalarynda tejribe alyp, daşary ýurt lukmançylyk tejribesini özleşdirip bilerler.
Türkiýäniň lukmançylyk ylymlary uniwersiteti, 1903-nji ýylda esaslandyrylan ýokary bilim edarasy bolup, ýurtdaky ýeke-täk ýöriteleşdirilen lukmançylyk uniwersiteti, şeýle hem ýokary halkara derejesi bilen Ýewropanyň öňdebaryjy uniwersitetlerinden biridir.
ORIENT news








