Türkmenistan, Täjigistan we Özbegistan nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürer


Türkmenistan, Täjigistan we Özbegistan nebitgaz we ýangyç-energetika pudaklarynda özara hyzmatdaşlygy ösdürmekligi ylalaşdylar. Bu barada şu gün – 4-nji awgustda Aşgabat şäherinde geçirilen üç döwletiň Baştutanlarynyň sammitinde kabul edilen bilelikdäki beýannamada bellenýär.
Bilelikdäki beýannamada bellenişi ýaly, degişli ýurtlaryň arasynda tebigy gaz, nebit we nebit önümlerini ibermekde özara hyzmatdaşlyk aýratyn ähmiýete eýedir. Döwlet Baştutanlarynyň sammitinde şu ýylyň ikinji ýarymynda degişli döwletleriň energetika ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda gepleşikleri geçirmegi ylalaşdylar. Onuň barşynda, energetika, nebitgaz pudaklarynda bilelikdäki işleri durmuşa geçirmek mümkinçilikleri öwreniler.
Özbegistanyň çägi boýunça “Türkmenistan – Hytaý” turbageçirijisiniň 3 şahasynyň geçýändigi, Täjigistanyň çäginden bolsa onuň 4-nji şahasynyň guruljakdygy bellärliklidir. Täjigistanyň çäginde bu ugur boýunça turbageçirijiniň 4-nji şahasyny gurmak boýunça gerek bolan ähli desgalar döredildi. Taslamany Täjigistanyň çäginde durmuşa geçirilişinde jemi uzynlygy 60 kilometre uzaýan 42 sany dagasty tuneli gurlar. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi Täjigistana jemi 3 milliard dollar möçberinde hytaý maýasyny çekmäge mümkinçilik berer.
Gaz geçirijiniň täze şahasy arkaly ýylda 30 milliard kub metr tebigy gaz Türkmeistandan Hytaýyň Sinzýan-Uýgur awtonom sebitine iberiler. Uzynlygy 1 müň kilometre uzajak täze turbageçiriji şahasy Türkmenistanyň çäginden başlanyp, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň çägi boýunça uzar.
ORIENT news








