HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gazagystan-owgan işewürler forumynda 190 million dollarlyk şertnamalara gol çekildi

Awgust 03, 2023 | 23:50 |7875
Astanada, 3-nji awgustda Gazagystan-owgan işewür forumynda 190,8 million dollarlyk eksport şertnamalaryna gol çekildi. Duşuşygyň netijesinde oba hojalyk önümleri, un we ösümlik ýagy bilen üpjün etmek üçin 15 şertnama, şeýle hem Milli ýag ösümliklerini gaýtadan işleýän birleşigi (Gazagystan) bilen Balh ýag  söwdagärleri birleşiginiň (Owganystan) arasynda hyzmatdaşlyk Ähtnamasyna gol çekildi. Iň köp resminama (9 şertnama) ýag üpjünçiligine degişlidir.Astanada, 3-nji awgustda Gazagystan-owgan işewür forumynda 190,8 million dollarlyk eksport şertnamalaryna gol çekildi. Duşuşygyň netijesinde oba hojalyk önümleri, un we ösümlik ýagy bilen üpjün etmek üçin 15 şertnama, şeýle hem Milli ýag ösümliklerini gaýtadan işleýän birleşigi (Gazagystan) bilen Balh ýag  söwdagärleri birleşiginiň (Owganystan) arasynda hyzmatdaşlyk Ähtnamasyna gol çekildi. Iň köp resminama (9 şertnama) ýag üpjünçiligine degişlidir.
Çeşme: primeminister.kz

Astanada, 3-nji awgustda Gazagystan-owgan işewür forumynda 190,8 million dollarlyk eksport şertnamalaryna gol çekildi. Duşuşygyň netijesinde oba hojalyk önümleri, un we ösümlik ýagy bilen üpjün etmek üçin 15 şertnama, şeýle hem Milli ýag ösümliklerini gaýtadan işleýän birleşigi (Gazagystan) bilen Balh ýag söwdagärleri birleşiginiň (Owganystan) arasynda hyzmatdaşlyk Ähtnamasyna gol çekildi. Iň köp resminama (9 şertnama) ýag üpjünçiligine degişlidir.

Owgan tarapy iki ýurduň çäginde banklaryň wekilhanalaryny açmagy, telekeçiler üçin wiza bermek nokatlaryny döretmegi, işewür duşuşyklary, sergileri we konferensiýalary geçirmegi, Gazagystana haryt daşamagyň wagtyny gysgaltmagy we Gazagystandan söwda we üstaşyr geçişdäki bar bolan päsgelçilikleri aýyrmagy teklip etdi.

1-3.jpg

«Häzirki wagtda Türkmenistan öz çäginden daşamalaryň ösdürilmegi bilen gyzyklanýar we arzanladyş - öz çäginden üstaşyr geçiş nyrhyny bermäge taýýar. Bu ugur, ilkinji nobatda un önümleri üçin alternatiw ugratma ugruna öwrülip biler. Bu maksatlar üçin, çig mal bolmadyk harytlaryň eksportyny öňe sürýän ýeke-täk operator QazTrade, Bolaşak stansiýasyna içerki harytlaryň arzan eltilmegini üpjün eder. Şol bir wagtyň özünde, Owganystana un we gallany deňhukukly ýagdaýda üpjün etmek üçin öz ýurtlarymyzyň çäginden üstaşyr demir ýol daşamalarynyň ýeňillikli şertlerini üpjün etmek üçin Özbegistan bilen şertnamalary güýçlendirdik», — diýip Gazagystan Respublikasynyň premýer-ministriniň orunbasary – söwda we integrasiýa ministri Serik Jumangarin öz çykyşynda belledi.

Öňüsyrasynda, 2-nji awgustda, Owganystanyň Söwda we senagat ministri Alhaj Nuriddin Azizi bilen bolan duşuşygyň çäginde Jumangarin Gazagystanyň demir ýol kompaniýasynyň Türkmenistanyň çäginden türkmen-owgan geçelgesi arkaly üstaşyr nyrh üçin eýýäm bar bolan 30 göterime goşmaça 10 göterim arzanladyş bermek meselesini çözendigini aýtdy diýip, primeminister.kz habar berýär.

2-4.jpg

Wise-premýeriň sözlerine görä, ähli Merkezi Aziýa ýurtlaryndan Owganystan Gazagystan bilen iň köp söwda edýär. Iki ýurduň arasyndaky özara söwda takmynan 1 milliard dollara ýetdi we geljekde söwda mukdaryny 3 milliard dollara çenli ýokarlandyrmak meýilleşdirilýär. Şu ýyl Hyratda Gazagystanyň Söwda öýi açyldy. Bu bolsa biziň ýurtlarymyzyň arasynda eksport-import üpjünçiligini ösdürmäge we diwersifikasiýa etmäge mümkinçilik döreder.

Şeýle hem Gazagystan Owganystana respublikada öz söwda wekilçilhanasyny açmagy teklip etdi.

Gazagystan tarapynyň pikirine görä, energetika pudagynda Owganystan bilen hyzmatdaşlygyň gowy geljegi bar. Hususan-da, nebit we gaz çykarmak we daşamak boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilmegi ýurtlara ykdysadyýetini berkitmäge mümkinçilik berer.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran Ormuz bogazyny dolandyrmak barada deslapky kanun taslamasyna seredýär

Eýran Ormuz bogazyny dolandyrmak barada deslapky kanun taslamasyna seredýär

22:00 Awgust 07, 2026
Tramp dogluş boýunça raýatlyk almaga hukugy bolan adamlaryň gerimini çäklendirýän iki ýerine ýetiriji permana gol çekdi

Tramp dogluş boýunça raýatlyk almaga hukugy bolan adamlaryň gerimini çäklendirýän iki ýerine ýetiriji permana gol çekdi

21:00 Awgust 07, 2026
Ilon Maskyň Falcon 9 raketasynyň basgançagy Aý bilen çaknyşdy

Ilon Maskyň Falcon 9 raketasynyň basgançagy Aý bilen çaknyşdy

19:00 Awgust 07, 2026