Owganystan boýunça Moskwa formatda duşuşyk 29-njy sentýabrda Kazanda geçiriler


Owganystan boýunça Moskwa formtdaky täze duşuşyk 29-njy sentýabrda Kazanda geçiriler. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Owganystan boýunça ýörite wekili, Daşary işler ministrliginiň Aziýanyň ikinji bölüminiň müdiri Zamir Kabulow TASS-a habar berdi.
Onuň sözlerine görä, geçirilmeli duşuşykda wagtlaýyn Talyban hökümetiniň inklýuziwlik meselesi esasy mowzuk bolar. «Hut şunuň üçin hem işimizi dowam etdirmekçi», - diýip Kabulow belledi. Şeýle hem ol duşuşykda terrorçylyga we neşe jenaýatçylygyna garşy göreşiň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy.
Talyban wekiliýeti, Kabulowyň belleýşi ýaly, duşuşyga gatnaşjakdyklaryny tassyklady. Onuň aýtmagyna görä, gatnaşýandyklaryny eýýäm formata gatnaşyjylaryň ýarysyna golaýy tassykladylar.
Owganystan boýunça Moskwa formatynyň öňki duşuşygy geçen ýylyň noýabr aýynda Moskwada geçirildi. Bu format, Owganystandaky milli ylalaşyk işini öňe sürmek üçin 2017-nji ýylda döredildi. Oňa Russiýa, Hindistan, Eýran, Gazagystan, Gyrgyzystan, Hytaý, Pakistan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan girdi.
ORIENT news








