Türkmenistanda adam söwdasyna garşy Bütindünýä güni bellendi


Duşenbe güni, Türkmenistanda adam söwdasyna garşy Bütindünýä günini habarlylygy artdyrmak konserti bilen bellendi. Bu çäre, USAID tarapyndan maliýeleşdirilýän we UNODC, Türkiýäniň ilçihanasy, «Ýeňme» jemgyýetçilik guramasy we milli hyzmatdaşlarymyzyň goldawy bilen «Merkezi Aziýada Howpsuz Migrasiýa» maksatnamasynyň çäginde gurnaldy.

Bu ýyl bu çäräniň mowzugy «Adam söwdasynyň her bir pidasyna el uzadalyň, hiç kimi gapdalda goýlyň». Oňa döwlet, halkara we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Programma bu möhüm gün hakda wideo bilen başlandy we saz kompozisiýalary, aýdymlar we tanslar bilen dowam etdi. Şeýle hem, ýygnananlaryň gatnaşmagynda intellektual bäsleşik guraldy.

Adam söwdasyna garşy Bütindünýä güni her ýyl 30-njy iýulda bellenilýär. Ilkinji gezek bu senäni halkara güni diýip yglan etmek karary 2013-nji ýylyň 18-nji dekabrynda kabul edildi we BMG-nyň Baş Assambleýasynyň rezolýusiýasy bilen resmi taýdan tassyklandy. Şol günden bäri dünýä jemgyýetçiligi birleşdi we adam söwdasy ýaly hadysalara garşy göreşmek üçin tagalla etdi.

USAID-iň we UNODC-yň başlangyjy, köpçüligiň ünsüni adam söwdasynyň global meselesine we onuň netijelerine gönükdirmegi maksat edinýär. Şeýle hem, adam söwdasyna garşy Bütindünýä güni, milli we halkara derejesinde adamyň esas bolan hukuklarynyň düýpli berjäý edilmegi bilen bu hadysa garşy göreşde utgaşdyrylan we yzygiderli hereket etmegiň ähmiýetini we zerurlygyny ýada salmak üçin niýetlendir.

ORIENT news








