HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen alymlary iriňli keratiti bejermegiň täze usulyny synag arkaly subut etdiler

Iýul 31, 2023 | 15:03 |5337
Myrat Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Ylmy-barlag merkeziniň alymlar topary görejiň peselmegine, kähalatda bolsa ýitmegine getirýän göz keselini, iriňli keratiti bejermegiň täze usulyny ulanmagyň mümkindigini synag arkaly subut etdi. Tejribäniň gidişi we netijeleri “Türkmenistanyň lukmançylygy” žurnalynda çap edilen ylmy işde beýan edildi.Myrat Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Ylmy-barlag merkeziniň alymlar topary görejiň peselmegine, kähalatda bolsa ýitmegine getirýän göz keselini, iriňli keratiti bejermegiň täze usulyny ulanmagyň mümkindigini synag arkaly subut etdi. Tejribäniň gidişi we netijeleri “Türkmenistanyň lukmançylygy” žurnalynda çap edilen ylmy işde beýan edildi.
Çeşme: turkmenistan.gov.tm

Myrat Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Ylmy-barlag merkeziniň alymlar topary görejiň peselmegine, kähalatda bolsa ýitmegine getirýän göz keselini, iriňli keratiti bejermegiň täze usulyny ulanmagyň mümkindigini synag arkaly subut etdi. Tejribäniň gidişi we netijeleri “Türkmenistanyň lukmançylygy” žurnalynda çap edilen ylmy işde beýan edildi.

Synag TDLU-niň Ylmy-barlag merkeziniň we Halkara okuw-ylmy merkeziniň esasynda geçirildi. Barlag üçin agramy 10-12 kg bolan ak tohum doňuzlaryň 18 sanysy seçilip alyndy, olara synag we beýleki ylmy maksatlar üçin ulanylýan oňurgaly haýwanlary goramak boýunça Konwensiýanyň çäklerinde ideg edildi we synagyň özi hem onuň çäginde amala aşyryldy.

Kesel ýokuşan haýwanlary iki topara böldüler: birinji topardakylary däp bolup gelýän usulda bejerdiler — adaty antibakterial bejergi, ikinji topardakylary — synag edilýän usul bilen — antibakterial usul we doňuzlaryň gulagyndan alnan trombositler we leýkositler bilen baýlaşdyrylan plazma hem-de gözüň perdesiniň relýefini gaýtalaýan we kislorody geçirýän bandaž linzasy, biologiki sargy bilen bejerdiler.

Synag iki hepdäniň dowamynda geçdi. 3, 7 we 14-nji günlerde alnan ajaýyp netijeleri deňeşdirmek üçin iki topardaky doňuzlaryň hem göz perdeleri öwrenildi: ikinji topardaky haýwanlarda eýýäm üçünji gije-gündizde tizleşdirlen epitelizasiýa, ýagny zeper ýeten deriniň bitmegi bellendi. Ýedinji gije-gündizde göz perdesiniň epitelial ýetmezçiligi doly ýapylypdy, şol bir wagtda birinji topardaky doňuzlarda käbir zeper ýeten bölekler entägem bardy.

Synag gutarandan soňra trombositler we leýkositler bilen baýlaşdyrylan plazma we bandaž linzasyny ulanmak arkaly iriňli keratitiň bejerilmeginiň adaty bejergi bilen deňeşdireniňde has tiz bitýändigi bilen häsiýetlendirilýändigi anyklandy. Şeýlelik bilen, alymlaryň anyklamagyna görä, bejerginiň şeýle usulynyň ulanylmagy patogen taýdan esaslandyrylandyr we göz lukmanlarynyň tejribesine ornaşdyrmak üçin hödürlenip bilner.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026