Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetiniň maglumat kampaniýasy milliona golaý adamy gurşap aldy


Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň (TGÝMJ) BMGÖM-nyň hassalara ruhy-sosial goldaw bermek boýunça bilelikdäki taslamasynyň ýerine ýetirilişini beýan etmek boýunça maglumat kampaniýasy bir million adama golaý auditoriýany gurşap aldy. Bütindünýä gaznasy tarapyndan goldaw berilýän taslamanyň meýdançasy bolup «Miras» teleýaýlymy çykyş etdi.
Ilaty habardar etmek boýunça kampaniýa milli KHBS-de, şol sanda radio we telewideniýe boýunça köpçülikleýin geçdi. Ol Bütindünýä temmäkisiz gününe, çilim çekmegiň zyýanyna we onuň adam bedenine edýän ýaramaz täsirine bagyşlandy.
Bu barada TGÝMJ-niň başlygy Maral Açylowa özüniň «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti üçin ýazan makalasynda habar berýär. Jemgyýetiň baştutanynyň beýan etmegine görä, çäreleriň ählisi ilatyň arasynda habardarlygy ýokarlandyrmagy maksat edinýärdi. Diňe Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň saýtyna girip görenleriň sany her aýda 156 müň adama ýetdi.
TGÝMJ-niň 2021-2025-nji ýyllar üçin Strategiýasynyň çäklerinde saglygy goraýyş boýunça sosial maksatnamalaryň hilini ýokarlandyrmak göz öňüne tutulýar, bu bolsa Jemgyýetiň esasy maksadyna —ynsanperwerlik işjeňligi arkaly ilata kadalaýyk we möhüm hyzmatlary etmek üçin guramaçylyk mümkinçiligini pugtalandyrmaga laýyk gelýär.
Häzirki wagtda TGÝMJ Türkmenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlara we tebigy betbagtçylyklara jogap gaýtarmak boýunça döwlet pudagara toparynyň düzümine, şeýle hem saglygy goraýyş babatynda Milli maksatnamalaryň pudagara utgaşdyryjy komitetleriniň düzümine girýär. Tutuş ýurt boýunça 250 müň adam we üç müňe golaý meýletinçi onuň agzasy bolup durýar.
ORIENT habarlar








