Türkmenistanyň işewür toparlary Türkiýede geçirilen dürli sergilere gatnaşmak üçin çakylyk aldylar


Bu mesele Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdowyň we Türkiýe Respublikasynyň Halkara Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzasy Sefa Gomdeniziň Aşgabatda geçirilen duşuşygynda esasy mowzugy boldy.
Gepleşikler 24-nji iýulda SSE-yň binasynda geçirildi. Türk tarapy, Türkmenistanyň işewür toparlaryny Türkiýede geçirilýän dürli mowzuklarda sergilere gatnaşmaga çagyrdy. Şeýle hem duşuşykda iki ýurduň işewür wekilleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da güýçlendirmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy diýlip, türkmen Söwda-senagat edarasynyň sabtynda çap edilen habarda aýdylýar.
Şu aýyň ortalarynda Türkmenistandan 16 hususy kompaniýa öz önümlerini F-Stambul azyk sergisinde hödürländigini ýatlalyň. Sergä gatnaşýanlaryň arasynda konditer önümlerini we beýleki azyk önümlerini öndürijiler – Altyn Ýunus, Kilwan, Täze Aý, Balşeker, Parahat, Arçalyk, Parasatly, Mähriban-Merw we başgalar bar.
ORIENT news








