Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Baştutanlarynyň sammiti awgust aýynyň başynda Aşgabatda geçiriler


Şu ýylyň awgust aýynyň başynda Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň sammitine taýýarlyk we ony geçirmek meselesi şu gün üç ýurduň daşary işler ministrleri tarapyndan ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahatlar wideokonferensiýa arkaly geçirildi. Türkmeniň Daşary işler ministri Raşid Meredow, Täjigistanly kärdeşi Sirojiddin Muhriddin we Özbegistanyň Daşary işler ministri Bahtiýor Saidow geçiriljek duşuşygyň meýilnamasy we gün tertibi, şeýle hem sammitiň soňky resminamasynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Daşary işler ministrliginiň beýanatynda aýdylýar.
Bu nukdaýnazardan ministrler sebit hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşdylar.
ORIENT news








