Sankt-Peterburgda "Rus dili - GDA sebitinde integrasiýa dialogynyň esasy" atly maslahat geçiriler


26-27-nji oktýabrda Sankt-Peterburgda "Rus dili - GDA sebitinde integrasiýa dialogynyň esasy" atly Halkara maslahat geçiriler. Maslahata häkimiýetleriň, medeni guramalaryň, ylym we bilim edaralarynyň, halkara guramalaryň we Arkalaşygyň ýurtlarynyň işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşarlar – diýip, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň saýtynda habar berilýär.
GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň edara binasy bolan Tauride köşgi halkara maslahatyň umumy mejlisleriniň we tegelek stollarynyň geçiriljek ýeri bolar. Foruma gatnaşyjylar rus diliniň GDA-da we dünýäde milletara aragatnaşyk dili hökmünde häzirki ýagdaýyny, Arkalaşygyň ýurtlarynda we daşynda rus diliniň ene dili we daşary ýurt dili hökmünde öwrenilişini, şeýle hem rus diliniň GDA döwletlerinde diplomatiýanyň we düzgünleriň halkara dili hökmündäki ornuny ara alyp maslahatlaşarlar.
GDA-nyň Döwlet baştutanlary geňeşiniň çözgüdi bilen 2023-nji ýylyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda Milletara aragatnaşyklaryň dili hökmünde rus diliniň ýyly diýlip yglan edilendigini ýatlatmak isleýäris.
Maslahat çärelerini geçirmekde Rus dili we edebiýaty boýunça halkara mugallymlar Assosiasiýasy, A.S.Puşkin adyndaky rus dili Döwlet instituty, Daşary ýurtlardaky rus teatrlarynyň işgärler assosiasiýasy, "Baltika öýi" teatr-festiwaly, Sankt-Peterburgyň kino we telewideniýe döwlet instituty, Russiýanyň sahna sungaty döwlet instituty, Russiýanyň terjimeçiler birleşigi we başga guramalar - Arkalaşygyň ýurtlaryndan GDA Parlamentara Assosiasiýasynyň hyzmatdaşlary hemaýat eder.
ORIENT news








