Türkmenistanyň Prezidenti we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdiler


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana we BAE- niň wise-prezidenti Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýana dogany Şeýh Saýid bin Zaýed Al Nahaýýanyň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.
Şeýle hem, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň Prezidentine we wise-prezidentine gynanç hatyny iberdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri gynanç hatlarynda: «Goý, Gudraty Güýçli Allatagala şu agyr pursatda Size we maşgala agzalaryňyza ruhy durnuklylyk, sabyrlylyk bersin, merhumyň ýatan ýeri ýagty, imany hemra bolsun!» diýip, duýgudaşlyk sözlerini beýan etdiler.
Said bin Zaýed Al Nahaýýan Abu Dabiniň hökümdarynyň wekili wezipesinde işledi.
BAE-niň prezident administrasiýasy 27-nji iýuldan 29-njy iýul aralygyny matam günleri diýip yglan etdi.
ORIENT news








