HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen ilçisi Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula fon der Lýaýene ynanç hatyny gowşurdy

Iýul 30, 2023 | 00:32 |10392
Türkmenistanyň ilçisi Sapar Pälwanow 28-nji iýulda Ýewropa Komissiýasynyň
prezidenti Ursula fon der Lýaýene ynanç hatyny gowşurdy. Söhbetdeşlikde ilçi
Türkmenistanyň mümkin bolan ähli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň
mehanizmlerini has-da pugtalandyrmak borjuny tassyklady.Türkmenistanyň ilçisi Sapar Pälwanow 28-nji iýulda Ýewropa Komissiýasynyň
prezidenti Ursula fon der Lýaýene ynanç hatyny gowşurdy. Söhbetdeşlikde ilçi
Türkmenistanyň mümkin bolan ähli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň
mehanizmlerini has-da pugtalandyrmak borjuny tassyklady.
Çeşme: Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy tarapyndan berildi

Türkmenistanyň ilçisi Sapar Pälwanow 28-nji iýulda Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula fon der Lýaýene ynanç hatyny gowşurdy. Söhbetdeşlikde ilçi Türkmenistanyň mümkin bolan ähli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mehanizmlerini has-da pugtalandyrmak borjuny tassyklady.

Şeýle hem, türkmen diplomaty gatnaşyklary ýokary derejede saklamagyň zerurdygyny aýdyp, türkmen tarapynyň şu ýylyň ahyryna çenli ÝB institutlarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşmak üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň Brýussele saparyny guramak niýetini belläp geçdi. Hanym fon der Lýaýen, türkmen döwletiniň Baştutany bilen duşuşmakdan hoşal boljakdygyny belläp, toparynyň bu meselede türkmen tarapy bilen bilelikde işleşmäge taýýardygyny tassyklady.

1 (12).jpg

Türkmeniň Brýusseldäki ilçihanasynyň habaryna görä, duşuşykda taraplar energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagy barada-da pikir alyşdylar. Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Türkmenistan hökümetiniň energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny oňlap, ÝB üçin bu ileri tutulýan ugurda geljekdäki hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de güýçlendirmek mümkinçiligine ünsi çekdi.

Ilçi bu ugurda öňegidişligiň bardygyny we türkmen tarapynyň Ýewropa Komissiýasynyň Energetika boýunça Baş müdirligi bilen ýakyn wagtda Brýusselde gepleşik geçirmegi meýilleşdirýändigini tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda iki tarap hem Türkmenistan bilen ÝB arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga we öndürijiligini ýokarlandyrmaga ygrarlydyklaryny mälim etdiler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ekranyň üsti bilen syýahat: Türkiýäniň kinematografik taslamalary halkara baýraga mynasyp boldy

Ekranyň üsti bilen syýahat: Türkiýäniň kinematografik taslamalary halkara baýraga mynasyp boldy

15:40 Awgust 02, 2026
Perplexity Personal Computer atly emeli aň agenti Windows ulgamy üçin elýeterli boldy

Perplexity Personal Computer atly emeli aň agenti Windows ulgamy üçin elýeterli boldy

15:28 Awgust 02, 2026
Fortune Global 500 reýtingi: Amazon täze lider boldy, kompaniýalaryň umumy girdejisi bolsa rekord derejä — 43 trillion ABŞ dollaryna ýetdi

Fortune Global 500 reýtingi: Amazon täze lider boldy, kompaniýalaryň umumy girdejisi bolsa rekord derejä — 43 trillion ABŞ dollaryna ýetdi

15:23 Awgust 02, 2026