Kaka etrabynda täze suw göteriji beket gurlar


Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda kuwwatlylygy sekuntda 4,15 kub metr suwy götermäge ukyply täze suw göteriji beket gurlar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Suw eltiji turbalar bilen birlikde, täze suw göteriji bekediň elektrik üpjünçilik ulgamyny täzelemek göz öňünde tutulýar. Bu baradaky bäsleşigi Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň sargydy boýunça Gurluşyk we binagärlik ministrligi yglan etdi.
Gurluşyk işine gatnaşmak isleýän taraplaryň ýüztutmalary we teklipleri 7-nji sentýabra çenli Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginde kabul edilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-46-64, 44-46-77.
ORIENT news








