HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Parižde 100 ýyllyk arakesmeden soň Sena derýasynda suwa düşmäge rugsat berler

Iýul 25, 2023 | 22:10 |5626
Parižiň şäher häkimiýeti 100 ýyllyk arakesmeden soň Senada suwa düşmäge
rugsat bermegi göz öňünde tutýar. Fransuz paýtagtynyň meri Ann Idalgo 2025-nji ýylda
şäherde Senada suwa düşmek üçin üç zolagyň açyljakdygyny tassyklady. Derýada
arassalaýyş işleri tamamlanandan soň, şäher derýasynda ýüzüş 2024-nji ýylyň Olimpiýa
oýunlarynyň esasy üstünliklerinden biri bolar. “Le Parisien” gazetiniň berýän habaryna
görä, Oýunlaryň maksatnamasyna laýyklykda, paýtagt derýasynda olimpiýa we
paralimpiýa ýaryşlarynyň üçüsini - triatlon, marafon ýüzüşi we paratriatlon geçirmek
meýilleşdirilýär.Parižiň şäher häkimiýeti 100 ýyllyk arakesmeden soň Senada suwa düşmäge
rugsat bermegi göz öňünde tutýar. Fransuz paýtagtynyň meri Ann Idalgo 2025-nji ýylda
şäherde Senada suwa düşmek üçin üç zolagyň açyljakdygyny tassyklady. Derýada
arassalaýyş işleri tamamlanandan soň, şäher derýasynda ýüzüş 2024-nji ýylyň Olimpiýa
oýunlarynyň esasy üstünliklerinden biri bolar. “Le Parisien” gazetiniň berýän habaryna
görä, Oýunlaryň maksatnamasyna laýyklykda, paýtagt derýasynda olimpiýa we
paralimpiýa ýaryşlarynyň üçüsini - triatlon, marafon ýüzüşi we paratriatlon geçirmek
meýilleşdirilýär.
Çeşme: BBC

Parižiň şäher häkimiýeti 100 ýyllyk arakesmeden soň Senada suwa düşmäge rugsat bermegi göz öňünde tutýar. Fransuz paýtagtynyň meri Ann Idalgo 2025-nji ýylda şäherde Senada suwa düşmek üçin üç zolagyň açyljakdygyny tassyklady. Derýada arassalaýyş işleri tamamlanandan soň, şäher derýasynda ýüzüş 2024-nji ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň esasy üstünliklerinden biri bolar. “Le Parisien” gazetiniň berýän habaryna görä, Oýunlaryň maksatnamasyna laýyklykda, paýtagt derýasynda olimpiýa we paralimpiýa ýaryşlarynyň üçüsini - triatlon, marafon ýüzüşi we paratriatlon geçirmek meýilleşdirilýär.

Olimpiýa oýunlaryndan soň derýanyň kenarýakasynda açyk howada ýüzmek üçin üç sany zolak elýeter bolar. Şäher merkezindäki Sen-Lui adasynyň garşysyndaky, günbatardaky 15-nji okrugda Grenelle kenarýakasyndaky we gündogarda ýerleşen 12- nji okrugda Bersidäki meýdançalar ýörite buýlar bilen bellik ediler we halas edijiler tarapyndan gözegçilik ediler. Suwa düşülýän ýerlere pontonlar hem getiriler we suwa düşýänleriň eşik çalyşmagy, goşlaryny goýmagy üçin ýörite şertler dörediler - diýlip häkimligiň beýanatynda bellenilýär.

Fransiýanyň paýtagtyndaky esasy derýanyň suw arassalaýyş taslamasyna 1,4 milliard ýewro bölünip berildi, şeýle-de bu ýerde çuňlugy 34 metr we ini 50 metr bolan ullakan suw howdanyny gurmak meýilleşdirilýär, ol göwrümi boýunça Olimpiýa howuzlarynyň 20-sine deňdir.

Senada suwa düşmäge gadaganlyk 1923-nji ýylda baržalar we gezelenç gämileri bilen baglanyşykly howp, şeýle hem suwuň hiliniň çalt ýaramazlaşmagy sebäpli girizildi. Şol bir wagtyň özünde, derýany ýüzüp geçmek boýunça roždestwo bäsleşikleri Ikinji jahan urşuna çenli dowam edipdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

17:32 Iýun 18, 2026
Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

17:20 Iýun 18, 2026
Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

17:09 Iýun 18, 2026