HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda ýaş maşgalalar üçin sagdyn gatnaşyklar we howpsuz migrasiýa boýunça okuw geçirilýär

Iýul 25, 2023 | 22:01 |18886
Türkmenistandaky USAID-iň «Merkezi Aziýada Howpsuzlyk Maksatnamasy»
BMG-nyň Neşelere we jenaýata garşy göreş bölümi we Türkmenistanyň Zenanlar
birleşigi bilen bilelikde Aşgabatda ýaş türkmen maşgalalary üçin sagdyn maşgala
gatnaşyklaryny ösdürmek, neşe serişdeleriniň ulanylmagynyň öňüni almak, sagdyn
gatnaşyklary ösdürmek we adam söwdasynyň töwekgelçiliginiň öňüni almak
boýunça iki günlük okuw gurady.Türkmenistandaky USAID-iň «Merkezi Aziýada Howpsuzlyk Maksatnamasy»
BMG-nyň Neşelere we jenaýata garşy göreş bölümi we Türkmenistanyň Zenanlar
birleşigi bilen bilelikde Aşgabatda ýaş türkmen maşgalalary üçin sagdyn maşgala
gatnaşyklaryny ösdürmek, neşe serişdeleriniň ulanylmagynyň öňüni almak, sagdyn
gatnaşyklary ösdürmek we adam söwdasynyň töwekgelçiliginiň öňüni almak
boýunça iki günlük okuw gurady.
Çeşme: orient.tm

Türkmenistandaky USAID-iň «Merkezi Aziýada Howpsuzlyk Maksatnamasy» BMG-nyň Neşelere we jenaýata garşy göreş bölümi we Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi bilen bilelikde Aşgabatda ýaş türkmen maşgalalary üçin sagdyn maşgala gatnaşyklaryny ösdürmek, neşe serişdeleriniň ulanylmagynyň öňüni almak, sagdyn gatnaşyklary ösdürmek we adam söwdasynyň töwekgelçiliginiň öňüni almak boýunça iki günlük okuw gurady.

Türkmenistan Zenanlar birleşiginiň mejlisler zalynda 25-nji iýulda başlanan bu çärä 120 adam, şol sanda ýaş jübütler, şeýle hem USAID-iň, UNODC-yň, jemgyýetçilik guramalarynyň we bilim edaralarynyň wekilleri gatnaşdy.

Okuwyň ilkinji güni maşgala gymmatlyklaryna, adam söwdasynyň öňüni almaga bagyşlandy. Mugallymlar gatnaşyjylara maşgala durmuşyny üstünlikli başlamak, şeýle hem maşgala dawalaryny çözmek, çagalary terbiýelemek, erbet endikleri ýok etmek we maşgala gatnaşyklaryny berkitmek üçin zerur endikleri öwretdiler.

Çykyş edenler, şeýle hem bu mesele ýüze çykanda degişli edaralara ýüz tutmagyň mehanizmlerini göz öňünde tutup, adam söwdasyna garşy göreşiň kanuny taraplaryna ünsi çekdiler.

Ikinji gün, aragatnaşyk endikleri, maşgala býujetiniň esaslary barada çykyşlar bolar. Gatnaşyjylary onlaýn howpsuzlyk ýörelgeleri we sosial ulgamlarda psihologiki zorlugyň (gorkuzmagyň) howplary bilen tanyşdyrylar.

Iki gün dowam etjek seminaryň esasy maksady, neşekeşligiň we adam söwdasynyň töwekgelçilikleri barada halka habarlylygy ýokarlandyrmak bolup durýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Bilim ministrligi Hytaýda okuw üçin seçip alyş işini yglan edýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi Hytaýda okuw üçin seçip alyş işini yglan edýär

13:45 Iýun 18, 2026
Bilimde ýaşyl standartlar: Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri ESG boýunça Ýewropa tejribesini ornaşdyrýar

Bilimde ýaşyl standartlar: Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri ESG boýunça Ýewropa tejribesini ornaşdyrýar

12:55 Iýun 18, 2026
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026