Gazagyztanyň awiakompaniýasy zenanlar ekipažy bilen ilkinji uçuşyny amala aşyrdy


QAZAQ AIR awiakompaniýasynyň uçary taryhy uçuş etdi: De-Gawilland Dash 8- Q400 uçarynyň ekipažy tutuşlygyna aýallardan ybaratdy diýip, Almaty.tv awiakompaniýanyň metbugat gullugyna salgylanýar. Serkerde Ýekaterina Swerçkowanyň we ikinji uçarman Ažar Nesipbaýewanyň gözegçiliginde howa gämisi Astana - Petropawlowsk - Astana we Astana - Omsk - Astana ugurlarynda iki uçuş amala aşyrdy. Tutuş ekipaž aýaldan – uçaryň serkerdesi, ikinji uçarman we 2 bortprowodnikden ybaratdy.
Ikinji pilot Ažar Nesipbaýewa özüniň Instagram sahypasynda uçaryň kabinasynda hiç-hili gender tapawudynyň ýokdugyny ýazdy.
― Serkerde bar, ikinji uçarman bar. Her kim öz borçnamasyny ýerine ýetirýär we işini bilýär. Düýn gaty owadan we bagtly iş etdik. Daş-töweregindäkileri geň galdyrdyk we ýene-de bir iş gününi ýürekden geçirdik,-diýip ol öz duýgularyny we suratlaryny paýlaşdy.
QAZAQ AIR-yň ilkinji zenan uçarmany Ýekaterina Swerçkowa, awiakompaniýa 2018-nji ýylda, bary-ýogy 21 ýaşyndaka geldi. Onuň arkasynda köp tejribe we kär derejesi bar. Ýekaterina ilkinji garaşsyz uçuşyny bary-ýogy 16 ýaşynda uçaryň başynda amala aşyrdy.
― Meniň awiasiýa bolan söýgim paraşýut sporty arkaly ösdi. Men oňa 6 ýylymy berdim. Şol ýerde awiasiýa we uçarlar bilen has gowy tanyşdym. Hususy uçarman hökmünde özümi synap görmek kararyna geldim we özara söýgi raýat awiasiýasynda bolup geçdi, - diýip ol ýatlaýar.
Ýekaterinanyň aýtmagyna görä, ol awiasiýada gender stereotiplerine hiç wagt duş gelmedi:
― Kärdeşlerimden bagtym gelen. Her kim birek-birege dost. Hiç haçan degişme ýa- da ýaňsylama eşitmedim.
Ol sözüniň üstüne uçarmanlaryň meýilnamasynyň kyn bolandygyny hem goşdy. Boş wagtlary ol güýjini dikeldýär, ukysyny alýar, ýoga bilen meşgullanýar we tomus agşamlary kenarda ýöremegi halaýar.
ORIENT news








