HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň futzal topary CAFA FUTSAL CUP-2023-de Täjigistana ýeňildi

Iýul 24, 2023 | 23:32 |19073
Türkmenistanyň milli futzal topary CAFA FUTSAL CUP-2023 ýaryşynyň
ikinji tapgyrynda Täjigistan toparyndan utuldy. Duşenbe şäherinde
geçen duşuşyk 4:2 hasabynda tamamlandy.Türkmenistanyň milli futzal topary CAFA FUTSAL CUP-2023 ýaryşynyň
ikinji tapgyrynda Täjigistan toparyndan utuldy. Duşenbe şäherinde
geçen duşuşyk 4:2 hasabynda tamamlandy.
Çeşme: Instagram.com/@fc_ahal

Türkmenistanyň milli futzal topary CAFA FUTSAL CUP-2023 ýaryşynyň ikinji tapgyrynda Täjigistan toparyndan utuldy. Duşenbe şäherinde geçen duşuşyk 4:2 hasabynda tamamlandy.

Birinji ýarymyň ahyrynda, tagtadaky hasap 4:1 bolup, ýaryşyň öý eýesi Täjigistanyň peýdasyna boldy. Duşuşygyň ikinji ýarymynda Ýakub Öwezowyň oýunçylary diňe bir pökgini - 4:2 hasabynda salmagy başardy.

– Duşuşygyň ilkinji on minudy biziň üçin gaty bulaşyk boldy. Goragda goýberilen ýalňyşlyklar garşydaşa birbada üç pökgi geçirmäge mümkinçilik berdi. Şondan soň oýna gaýdyp barmak kyn boldy. Janköýerleriň basyşyny hem göz öňünde tutmaly, sebäbi ýaryşyň öý eýesi bilen oýnadyk. Birinji tapgyrda Eýrany ýeňenden soň oýunçylaryň haýsydyr bir şadyýanlygy bar bolsa gerek diýip, türkmen toparynyň baş tälimçisi Ýakub Öwezow öz oýunçylaryň oýny barada teswir berdi.

Paralel ýaryşlarda Owganystan 4:3 hasabynda Özbegistandan üstün çykdy, Gyrgyzystan bolsa iň az hasap bilen Eýrandan 0:1utuldy.

Birinji tapgyrda Türkmenistanyň milli futzal toparynyň Eýrany 2:1 hasabynda ýeňendigini hem belläliň.

26-njy iýulda geçiriljek üçünji tapgyryň çäginde Türkmenistan Özbegistan bilen, Eýran Owganystan bilen, ýaryşyň eýesi Täjigistan bolsa Gyrgyzystan bilen oýnar.

CAFA Futsal Cup-2023, Merkezi Aziýanyň milli ýygyndy toparlarynyň arasynda ilkinji ýaryş. Halkara ýaryş 23-30-njy iýul aralygynda Duşanbe (Täjigistan) şäherinde geçirilýär.

Sebitdäki iň güýçli toparyň ady ugrunda türkmen toparyndan başga- da Owganystanyň, Eýranyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň milli ýygyndy toparlary göreşýär.

Bäsleşikler, her topar her biri bilen oýnamaly görnüşde tegelek ulgamda geçirilýär. Ýeňiji topar, toplanan nutuklara görä kesgitlener.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

22:30 Sentýabr 21, 2026
Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

21:13 Sentýabr 21, 2026
Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

21:00 Sentýabr 21, 2026