Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde adam hukuklary boýunça pudagara toparyň mejlisi geçirildi


Duşenbe güni Aşgabatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatynda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň mejlisi geçirildi.
Mejlisiň işine Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdy diýip, Türkmen Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.
Duşuşyga gatnaşyjylar Toparyň şu ýylyň birinji ýarymynda alyp baran işleriniň netijelerine garadylar we ýakyn geljek üçin anyk iş meýilnamasyny beýan etdiler.
Duşuşykda Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugru hökmünde halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda raýatlaryň kanuny hukuklaryny we bähbitlerini goramakdygy bellenildi. Bu nukdaýnazardan, 2021-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanda adam hukuklary boýunça milli hereket meýilnamasynyň, 2023-2028-nji ýyllar üçin Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça milli hereket meýilnamasynyň, 2021-2023-nji ýyllar üçin Halkara ynsanperwer hukugy boýunça iş meýilnamasynyň, şeýle hem BMG-nyň ýöriteleşdirilen guramalary we beýleki halkara gurluşlary bilen bilelikde durmuşa geçirilýän beýleki maksatnamalaryň we taslamalaryň tapgyrlaýyn durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berildi.
Şeýle hem mejlisiň wekilleri BMG-nyň şertnamalaýyn guramalarynyň, hususan-da, älhlumumy Döwrebap Synyň çäginde geçiriljek dialoglara taýýarlyk barada pikir alyşdylar.
ORIENT news








