ASKA dünýäde adaty ýollarda dolandyrmaga rugsat berlen ilkinji uçýan awtoulag boldy


ASKA A5 – ABŞ-nyň Ulag serişdeleri bölüminden (DMV) köpçülikleýin ulanyş ýoly boýunça hereket etmäge rugsat alan dünýädäki ilkinji uçýan awtoulagdyr.
Uçar şu wagta çenli DMV belgisi bilen Silikon jülgesiniň töwereginde ýol synaglaryny üstünlikli tamamlady.
2023-nji ýylyň iýunynda ASKA A5-iň Federal raýat awiasiýa müdirliginden ygtyýarnama şahadatnamasyny we ýörite howa ukyplylygy şahadatnamasyny alandygyny habar berdi.
Dört orunlyk A5, ganatlary bukulan bolup, ulagyň ululygyna deňdir, şonuň üçin adaty ulag şertlerinde dolandyrylyp we ýoly beýleki ulaglar bilen paýlaşyp biler.
Ýerde, A5 tigirlere gurlan dört sany elektrik hereketlendirijisi bilen işleýär. Olar bäş sekundyň içinde ulagy sagatda 105 kilometre çenli tizleşdirip bilýärler. Tigir arkaly tizlik almak, uçuş wagtyny gysgaltmaga hem kömek edýär.

Uçuş üçin A5 iki eplenýän ganat bilen enjamlaşdyrylandyr. Ýolda dolandyrylanda olar, ulagyň üçegine bukulýar we uçuşdan öň awtomatiki usulda açylýar. Olara iki sany pyçakly hereketlendirijiler bilen alty sany elektrik hereketlendiriji ýerleşdirilen. Yzky ganata oturdylan dört hereketlendirijiniň ikisi keseligine uçuşda agram döredip öwrüp biler. Uçýan awtoulag duran ýerinden dikligine howa galyp ýa-da gysga tizlik bilen uçar ýaly uçup biler. Uçuşda ol sagatda 240 kilometre çenli tizligi ösdürýär.
Esasy litiý-ion batareýalaryndan başga-da, bortda ätiýaçlyk benzin generatory hem oturdyldy. Işläp düzüjileriň pikiriçe, generatory açmak, uçuş wagtyny 30 minut artdyrmaga kömek edýär. Netijede iň ýokary uçuş aralygy 402 kilometre deňdir. Howpsuzlyk maksady bilen ätiýaçlyk motordan başga-da, uçýan awtoulag gyssagly paraşýut bilen enjamlaşdyryldy.
ASKA taslamasy 2018-nji ýylda başlandy we 2021-nji ýylda deslapky sargytlary kabul edip başlady. Kompaniýa eýýäm 50 million dollarlyk deslapky sargytlary aldy.
ORIENT news








