ChatGPT-ni maliýe bazarynda gurallaryň seljermesi üçin ulanyp başladylar


Microsoft kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen ChatGPT emeli intellektini maliýe bazarynda üýtgemeleri çaklamak üçin ulanyp başladyar. Golaýda EI Polkadot kriptowalýutasynyň häzirki bahasynyň $5 bolanlygyndan 2024-nji ýylyň ahyryna çenli bahasynyň $250 çenli artjakdygyny öňünden aýtdy.
Polkadot — bu dürli blokçeýn-torlary ýeke-täk ekoulgama birleşdirmäge mümkinçilik berýän taslamadyr. ChatGPT-niň seljermesine laýyklykda, Polkadot merkezden daşlaşdyrylan goşundylar we smart-kontraktlar babatynda ösüş we innowasiýalar üçin uly mümkinçilige eýedir.
ChatGPT öz çaklamalaryny dürli çeşmelerden alnan maglumatlaryň, täzelikleriň, sosial torlaryň, tehiki görkezijileriň we ş.m. uly möçberine esaslandyrýar. Ulgam 28-29-njy iýunda Kopengagende geçen Polkadot Decoded-iň golaýdaky maslahatynyň jemlerini seljerdi. Onda Polkadoty esaslandyryjy Gewin Wud taslamanyň ýakyn ýyllardaky ösüşiniň täzelenen ýol kartasyny görkezdi. Oňa laýyklykda Polkadot blokçeýniň esasy üýtgemeleriniň biri tassyklaýjylar üçin ýeri kärendesine bermegiň häzirki modelinden wagty satmagyň täze modeline geçmeklik bolar.
Şunuň bilen bir wagtda pudagyň bilermenleri ChatGPT tehnologiýasynyň kriptowalýutanyň bahasyny anyk çaklamak üçin entäk taýýar däldigini nygtaýarlar. Ulgam tarapyndan alnan netijeler köplenç ýalňyş bolup çykýar we bazardaky hakyky ýadaýdan güýçli tapawutlanýarlar.
Hususanda, ChatGPT-niň seljermesinde soňky ýyl üçin islegiň we teklibiň hereketi ýaly möhüm faktorlar göz öňünde tutulmandyr. Bilermenler EI-iň seljermesine seresaplylyk bilen garamagy we olary hakyky bazar maglumatlary bilen deňeşdirmegi maslahat berýärler.
ORIENT habarlar








