HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Bakuwda türkmen-azerbaýjan deňiz ýük daşamalaryny giňeltmegi ara alyp maslahatlaşdylar

Iýul 17, 2023 | 21:39 |7467
Duşenbe güni Bakuwda Merkezi Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ýük
gatnawynyň mukdarynyň artmagy, şeýle hem Türkmenistan bilen
Azerbaýjanyň arasynda deňiz daşamalary pudagynda özara peýdaly
hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Azerbaýjanyň paýtagtyna iş sapary bilen gelen türkmen wekiliýetine
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar
ministrliginiň müdiri Myrat Myradow ýolbaşçylyk edýär.Duşenbe güni Bakuwda Merkezi Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ýük
gatnawynyň mukdarynyň artmagy, şeýle hem Türkmenistan bilen
Azerbaýjanyň arasynda deňiz daşamalary pudagynda özara peýdaly
hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Azerbaýjanyň paýtagtyna iş sapary bilen gelen türkmen wekiliýetine
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar
ministrliginiň müdiri Myrat Myradow ýolbaşçylyk edýär.
Çeşme: businesslend.com

Duşenbe güni Bakuwda Merkezi Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ýük gatnawynyň mukdarynyň artmagy, şeýle hem Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda deňiz daşamalary pudagynda özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy. Azerbaýjanyň paýtagtyna iş sapary bilen gelen türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň müdiri Myrat Myradow ýolbaşçylyk edýär.

Azerbaýjan metbugatynyň habaryna görä, taraplar Bakuw halkara deňiz söwda portunyň çäginde gepleşikler geçirdi. Bu ýere gelenler döwrebap duralganyň tehniki mümkinçilikleri, häzirki we meýilleşdirilen infrastruktura taslamalary bilen tanyşdylar. Myhmanlara Azerbaýjanyň ulag işgärleriniň hyzmatdaşlyk edýän dünýäniň öňdebaryjy portlary, Azerbaýjanyň suw «derwezelerinden» daşalýan ýükleriň mukdary we özara hyzmatdaşlyga gyzyklanýan logistika korporasiýalary barada maglumat berildi.

Türkmen wekiliýetiniň duşuşygy wagtynda Gollandiýanyň Royal HaskoningDHV kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen Baku deňiz portunyň ikinji bölegini gurmak taslamasy hödürlendi. Meýilnamanyň ýylyň ortalaryna taýýar bolmagyna garaşylýar.

Häzirki wagtda Baku deňiz portunyň önümçiligi ýylda 15 million tonna. Hünärmenleriň pikrine görä, Gollandiýa taslamasynyň durmuşa geçirilmegi portdan geçýän ýük gatnawynyň mukdaryny 25 million tonna çenli artdyrar. Bu maksatlar üçin eýýäm serişde bölünip berildi diýip, habarda aýdylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran Ormuz bogazyny dolandyrmak barada deslapky kanun taslamasyna seredýär

Eýran Ormuz bogazyny dolandyrmak barada deslapky kanun taslamasyna seredýär

22:00 Awgust 07, 2026
Tramp dogluş boýunça raýatlyk almaga hukugy bolan adamlaryň gerimini çäklendirýän iki ýerine ýetiriji permana gol çekdi

Tramp dogluş boýunça raýatlyk almaga hukugy bolan adamlaryň gerimini çäklendirýän iki ýerine ýetiriji permana gol çekdi

21:00 Awgust 07, 2026
Ilon Maskyň Falcon 9 raketasynyň basgançagy Aý bilen çaknyşdy

Ilon Maskyň Falcon 9 raketasynyň basgançagy Aý bilen çaknyşdy

19:00 Awgust 07, 2026