Türkmenistan Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň gümrük dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Bakuda geçirilen iş maslahatyna gatnaşdy


21-nji iýulda Azerbaýjanyň Baku şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň gümrük dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 9-njy iş maslahaty geçirildi.
Duşuşyga Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Päkistanyň, Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň wekilleri gatnaşdy – diýip, YHG-niň resmi saýtynda habar berilýär.

Maslahatyň barşynda maglumat banky üçin gümrük düzgün bozulmalary barada maglumat alyşmak, özara administratiw kömek we mümkinçilikleri giňeltmek baradaky ylalaşygyň taslamasy ýaly gümrük meselelerinde sebitleýin hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
YHG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, ilçi Saýed Mohsen Esperi öz çykyşynda gümrük hyzmatdaşlygynyň «YHG-niň 2025-nji ýyla çenli Garaýşynda» kesgitlenen maksatlara ýetmek üçin möhüm ähmiýete eýe bolan sebitiçi söwdany gowulandyrmak üçin ileri tutulýan ugur hökmünde wajyplygyny nygtady.

Iş maslahatynda Baku jarnamasy, YHG-niň gümrük hyzmatdaşlygy boýunça 5-nji komitetiniň we Söwda ýardam etmek boýunça bilelikdäki iş toparynyň 1-nji iş maslahatynyň hasabatlary kabul edildi.
Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasy – Merkezi Aziýadan, Ýakyn Gündogardan we Günorta Aziýadan on ýurdy öz içine alýan sebitara hökümetara konsorsiumdyr. Guramanyň işi oňa agza döwletleriň arasynda ykdysady, tehniki we medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir. Gümrük dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň geňeşi gurama agza ýurtlaryň gümrük administrasiýalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ýeňilleşdirmek we berkitmek üçin döredilen YHG-niň merkezi organydyr.
ORIENT news








