Gazagystanda öý haýwanlary hasaplanýan itler we pişikler hasaba alnar


Gazagystanyň kliniki hassahanalarynda öý haýwanlaryny çipleme arkaly hasaba almak işine girişildi. 1-nji sentýabra çenli ähli itler we pişikler doly hasaba alynmaly. Haýwanyň eýesi çip goýdurmakdan ýüz dönderen ýagdaýynda, oňa jerime salnar – diýip, “Kazinform” Halkara habarlar agentligi habar berýär.
Çipleme haýwanlaryň elektron kesgitlemesi bolup, haýwanyň derisiniň aşagyna mikroçip ýerleşdirilýär. 15 sandan ybarat belgili çip jandaryň hemişelik belgisi bolup, ondaky ilkinji üç san ISO 398 boýunça Gazagystanyň koduny, soňra itler üçin 01 we galan on san bolsa jandaryň özi baradaky maglumatlary berýär.
Hünärmenleriň pikiriçe, öý haýwanlarynyň hasaba alynmagy öňüni alyş çärelerini, ýagny guduzlama we gurçuklara garşy sanjymlary netijeli meýilleşdirmäge we şäherdäki haýwanlaryň takyk sanyny bilmäge mümkinçilik berer. Geljekde bu maglumatlar, haýwanlar ýurt daşyna çykarylanda, zerur bolan weterinariýa kepilnamasyny we beýleki resminamalary almak üçin esas bolar.
Öý haýwanlary we olaryň eýeleri baradaky maglumatlar özboluşly kod görnüşinde şäheriň «Pet Control» maglumatlar goruna girizilýär. Haýwan ýiten ýagdaýynda polisiýa ýa-da weterinar lukmanlary çipi skanirläp bilerler. Maglumatlar bazasynda jandaryň eýesiniň ady, familiýasy, telefon belgisi we ýaşaýan salgysy görkeziler.
Şu güne çenli Gazagystanda öý haýwanlarynyň jemi 136,246-sy hasaba alyndy, olaryň 90,035-i itler, 46,319-y bolsa pişiklerdir.
ORIENT news








