HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Slowak alymlary Magtymguly adyndaky TDU-niň talyplary üçin leksiýalaryň birnäçesini geçirdiler

Iýul 24, 2023 | 14:32 |4370
Slowak tehnologiki uniwersitetiniň analitiki himiýa Institutynyň alym-himikleri Iwan Şpanik we Lýudmila Hwalbota Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary üçin leksiýalaryň tapgyryny geçirdiler. Ussat-sapaklary Erasmus+ ýewropa maksatnamasynyň çäklerinde geçdi.Slowak tehnologiki uniwersitetiniň analitiki himiýa Institutynyň alym-himikleri Iwan Şpanik we Lýudmila Hwalbota Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary üçin leksiýalaryň tapgyryny geçirdiler. Ussat-sapaklary Erasmus+ ýewropa maksatnamasynyň çäklerinde geçdi.
Çeşme: «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti

Slowak tehnologiki uniwersitetiniň analitiki himiýa Institutynyň alym-himikleri Iwan Şpanik we Lýudmila Hwalbota Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary üçin leksiýalaryň tapgyryny geçirdiler. Ussat-sapaklary Erasmus+ ýewropa maksatnamasynyň çäklerinde geçdi.

Öz gezeginde, iň köne türkmen uniwersitetiniň türkmen mugallymlary STU-ne baryp gördüler, ol ýerde daşary ýurt kärdeşleriniň tejribesini öwrendiler. Ol ýerde «Gaz hramotografiýasy we onuň ulanylyşy» okuwynyň çäklerinde tehnikany ulanmagyň düzgünleri bilen tanyşdylar – diýip, «Neýtralnyý Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Laboratoriýa şertlerinde degişli seljermäniň kömegi bilen peýdaly maddalaryň we zäherli garyndylaryň mukdaryna gözegçilik edilmegi iki ýurtdan bolan kärdeşleriň giň formatly kursunyň merkezi temasy boldy. Mundan başga-da, galp zatlary ýüze çykarmagyň we azyk önümçiliginde ýerine ýetirilýän talaplary bahalandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

ÝB-niň maksatnamasynyň çäklerinde türkmen uniwersiteti beýleki ýokary okuw jaýlary we gurluş bölümçeleri, şol sanda bilim, audiowizual serişdeler we medeniýet boýunça Ýewropa komissiýasy (EACEA) bilen işjeň özara gatnaşyk edýär. Ähli kurslar we leksiýalar iňlis dilinde geçýär.

Şeýle hem TDU «Kenarýaka ekoulgamlary howanyň üýtgemegine uýgunlaşdyrmak üçin geogiňişlik inženerçiliginiň täze kurslary» (GEOCLIC) we «Howanyň üýtgemegine durnuklylygy ýokarlandyrmak we durnukly ösüşi, parahatçyygy we howpsuzlygy goldamak üçin Merkezi Aziýanyň suw sektorynyň adam mümkinçiliklerini ösdürmek» (HWCA) taslamasy bilen işjeň işleýär.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistan halkara Kids Expo Chess Cup 2026 ýaryşynda 24 medal gazandy

Türkmenistan halkara Kids Expo Chess Cup 2026 ýaryşynda 24 medal gazandy

23:39 Awgust 22, 2026
Türkmenistan we PETRONAS talyplar üçin maksatnamalary giňeldýärler

Türkmenistan we PETRONAS talyplar üçin maksatnamalary giňeldýärler

23:38 Awgust 22, 2026
Hindistanyň arassa energiýasy ilkinji gezek gazyp alynýan ýangyçlardan öňe geçdi

Hindistanyň arassa energiýasy ilkinji gezek gazyp alynýan ýangyçlardan öňe geçdi

23:35 Awgust 22, 2026