HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen–koreý gatnaşyklary özara bähbitli we dostlukly ýoly bilen ösdürilýär

Iýul 23, 2023 | 16:15 |28823
2023-nji ýylyň 17–21-nji iýuly aralygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedowyň ýolbaşçylygyndaky hökümet wekiliýeti Koreýa Respublikasynda iş saparynda boldylar.2023-nji ýylyň 17–21-nji iýuly aralygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedowyň ýolbaşçylygyndaky hökümet wekiliýeti Koreýa Respublikasynda iş saparynda boldylar.
Çeşme: Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan berildi

2023-nji ýylyň 17–21-nji iýuly aralygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedowyň ýolbaşçylygyndaky hökümet wekiliýeti Koreýa Respublikasynda iş saparynda boldylar.

Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, wekiliýet milli ykdysadyýetiň degişli pudak edaralarynyň wekilleriniň Koreýanyň degişli hökümet we hususy guramalary bilen gepleşikleri geçirmekden ybarat. Türkmen wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň we Aşgabat şäher häkimliginiň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniň, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, «Türkmenaragataşyk» agentliginiň, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň, şeýle hem «Türkmengaz» döwlet konserniň ýolbaşçylary bar.

0.jpg

Öň habar berilişi ýaly, saparyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri Han Doksun bilen duşuşygy boldy.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna ýokary baha berdiler. Iki ýurduň taraplaryň bähbitlerine gabat gelýän yzygiderli we ynanyşykly dialogy saklamaga pugta gönükdirilendigi tassyklanyldy.

1-Preymer.jpg

Duşuşyga gatnaşyjylaryň bellemeklerine görä, iki ýurduň ýolbaşçylarynyň alyp barýan syýasatlarynyň netijesinde, Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň gatnaşyklary birek-birege hormat goýmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanyp, ynamyň ýokary derejesi bilen häsiýetlendirilýär. Ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik gatnaşyklarynyň ýokary derejededigini bellediler. Söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarynda ýola goýulan netijeli gatnaşyklary ösdürmegi dowam etmekde gyzyklanmalary barada aýdyp, taraplar döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti Koreýa Respublikasynyň Söwda, senagat we energetika ministri Li Çang Ýang bilen hem duşuşyk geçirdi.

2  Sowda ministr.jpg

Gepleşikleriň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady, energetika we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy, şeýle-de geljekki ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary kesgitlenildi.

Taraplar iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy bilen bagly meselelere jikme-jik seretdiler. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Koreýanyň arasynda dowam edýän oňyn ykdysady gatnaşyklaryň ähmiýetini nygtadylar hem-de şol ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmek, hususan-da ýangyç-energetika, himiýa senagaty, saglygy goraýyş, dokma we ulag-kommunikasiýa ýaly pudaklar boýunça gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek meselelerini ara alnyp maslahatlaşdylar.

3 DAEWOO.jpg

B.Annamämmedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň «Daewoo Engineering and Construction» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Juň Won-Ju bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygyň dowamynda, netijeli söwda-ykdysady, energetika, ulag-aragatnaşyk, ekologiýa we beýleki ulgamlarda ikitapaplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan hem ykdysady hyzmatdaşlygyň iri taslamalary durmuşa geçirmek meselelerini ara alnyp maslahatlaşyldy.

4 KITA.jpg

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Koreýanyň Halkara söwda assosiasiýasynyň (KITA) prezidenti Kristofer Ku bilen duşuşygy boldy.

Söhbetdeşler iki ýurduň arasynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, söwda-ykdysady gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşylanda, bilelikdäki türkmen-koreý iş toparynyň möhüm ähmiýete eýedigi bellenildi.

6

Şunda, 2022-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Seul şäherinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Koreýa Respublikasynyň işewür düzümleri bilen bolan duşuşygy ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösüşine saldamly goşant goşýandygy bellenilip geçildi. Şeýle hem şular ýaly gepleşikleriň dürli derejelerde dowam etdirmekligiň zerurlygyny aýtdylar.

Bulardan başga-da, türkmen wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde Günorta Koreýanyň «KEXIM» eksport-import banky, «K-SURE» Koreýa söwda ätiýaçlandyryş korporasiýasy, «Hyundai Engineering», «Hyundai Corporation», «LX International Corp.», «Omnisystem Co Ltd», Koreýa Respublikasynyň Deňiz enjamlary ylmy-barlag instituty, (KOMERI), «BS Medical», «Chungdo Pharm.», «Yuwonmeditech», «Olive Union», hem-de «Poonglim Pharmatech» lukmançylyk enjamlary öndürýän kompaniýalary, «SK Telecom» Günorta Koreýanyň telekommunikasiýa kompaniýasy, şeýle hem «LS Cable & System», «LG CNS», «STEALIEN», «ROVIGOS» ýaly kompaniýalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi.

7

Iş saparyň dowamynda türkmen wekiliýeti koreýanyň dürli şäherlerinde ýerleşýän zawod we kärhanalaryň mümkinçilikleri, şeýle hem işleýiş tertibi bilen ýakyndan tanyşdylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026