Türkmenistanda aýratyn hyzmatlary üçin şahsy pensiýalar giriziler


Türkmenistanda ýurduň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin şahsy pensiýalary bellemegiň tertibi işlenip taýýarlanylýar. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde beren hasabatynda aýtdy.
Wise-premýeriň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakyndaky kodeksine laýyklykda Türkmenistanyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin şahsy pensiýalary bellemegiň tertibiniň hem-de bu şahsy pensiýalary bellemek boýunça toparyň düzüminiň taslamalary işlenip taýýarlanyldy.
Şahsy pensiýalary bellemek boýunça toparyň düzümi ýokary hökümet derejesinde tassyklanar.
ORIENT news








