Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Malaýziýanyň motosikl ekspedisiýasy Türkmenistana geldi

Iýul 22, 2023 | 16:45 |9750
Malaýziýa motosikl ekspedisiýasynyň sürüjileri London-Kuala-Lumpur ugry
boýunça 21-nji iýulda 16 ýurdy öz içine alýan 19-njy nokady bolan Türkmenistana
üstünlikli ýetdiler.Malaýziýa motosikl ekspedisiýasynyň sürüjileri London-Kuala-Lumpur ugry
boýunça 21-nji iýulda 16 ýurdy öz içine alýan 19-njy nokady bolan Türkmenistana
üstünlikli ýetdiler.
Çeşme: nst.com.my

Malaýziýa motosikl ekspedisiýasynyň sürüjileri London-Kuala-Lumpur ugry boýunça 21-nji iýulda 16 ýurdy öz içine alýan 19-njy nokady bolan Türkmenistana üstünlikli ýetdiler.

Topar eýýäm Beýik Britaniýa, Fransiýa, Şweýsariýa, Italiýa, Germaniýa, Çehiýa, Awstriýa, Wengriýa, Rumyniýa, Bolgariýa, Türkiýe ... ýaly ýurtlary aýlanyp geçdi.

2-1.jpg

Aşgabat şäherine olar Gorgandan Kuçana çölden geçende güýçli ýel synagyndan geçmeli bolan Eýrandan geldiler diýip, Malaýziýanyň iňlis dilinde çykýan gündelik New Straits Times gazetinde habar berýär.

Motosikl sürüjileri syýahatyny dowam etdirmezden ozal Malaýziýanyň Türkmenistandaky ilçihanasyna bardylar.

Missiýa gatnaşyjylaryň aýtmagyna görä olar ýolda ýerli durmuş we tebigatyň gözelligi bilen tanyşýarlar. Ekspedisiýanyň doly ady: Quantum Metal Ekspedisi Perpaduan Watikah Kemerdekaan 66 London-Kuala Lumpur 2023 (QMEPWK66).

3-1.jpg

20-nji iýunda QMEPWK66-nyň alty agzasy Londondan ýola çykdy we 31-nji awgustda 66-njy Merdeka güni - Garaşsyzlyk güni üçin Malaýziýa gelmezinden 66 gün öň garaşylýar.

22 000 km ekspedisiýa 1957-nji ýylda Londondan Kuala-Lumpur şäherine Malaý garaşsyzlyk jarnamasyny getiren Tunku Abdul Rahman Putra Al-Hajanyň taryhy syýahatyna bagyşlanýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

20:05 Awgust 03, 2026
Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

14:20 Awgust 03, 2026
Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

14:04 Awgust 03, 2026