Gazagystanda gadymy türk rowaýatlarynyň esasynda on animasiýa taslamasy dörediler


Gazagystanda ähli türki dilli ýurtlarda belli bolan gadymy rowaýatlaryň esasynda 10 synag animasiýa taslamasyny döretmäge başladylar. Animasiýa almanahyna girýän her bir hroniki filmiň wagty 5 minutdan gowrak diýip, «Gazagystan Prawda» «Gazakanimasiýa» döredijilik birleşiginiň buýrugy bilen täze animasiýa filmlerini öndürmäge başlan, Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet we sport ministrliginiň metbugat gullugyna salgylanýar.
Şeýle hem taslama on gazak animasiýa studiýasy gatnaşýar. Materiallary saýlamak üçin döredijilik bäsleşigi guraldy. Bu ýerde 26 studiýadan 40 senari hödürlenildi, sýužetiň esasyna türki dilli ýurtlaryň beýik şahsyýetleri, mukaddes haýwanlar we geografiki atlar, umumy baýramçylyklar we türki halklarynyň milli güýmenjeleri baradaky kyssalar we rowaýatlar alyndy.
Bäsleşigiň netijelerine görä, ssenaristler esasy hökmünde türki dünýäsinde «Üç ýolbars», «Şirak-Batyr we Bürgüt hakynda rowaýat», «Leýla», «Türk şa aýalynyň syry», «Turan», «Altyn köl», «Ahmet», «Suw» ýaly we başga.meşhur rowaýatlary ulanan 10 sany animasiýa taslamasy saýlandy.
«Synag animasiýa taslamalary žanrda ýa-da mowzukda meňzeş däl. Hersi özbaşyna aýratyn. Bu taslama diňe bir türki dilli ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek bilen çäklenmän, eýsem Gazagystanyň studiýalaryna täze bazarlara çykmaga we tomaşaçy auditoriýasyny giňeltmäge mümkinçilik berer. Bu, geljekde doganlyk ýurtlar bilen bilelikdäki animasiýa taslamalaryny döretmek ugrundaky ilkinji ädimdir»,-diýip GR-nyň MSM-niň Medeniýet komitetiniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Kumis Seitowa belledi.
ORIENT news








