Türkmenistanyň we Kataryň Söwda-senagat edaralary maýa goýum mümkinçiliklerini gözden geçirýärler


Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşmak üçin Saud Arabystana eden saparynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow Kataryň paýtagty Doha şäherinde döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Kataryň Söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň agzasy Mohammed bin Ahmed Al-Obaýdli bilen duşuşdy.
Duşuşykda Söwda-senagat edarasynyň başlygy häzirki wagtda Türkmenistan bilen Katar döwletiniň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklaryň üstünlikli ösýändigini aýdyp, iki dostlukly ýurduň kuwwatynyň olary ep-esli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýändugunu nygtady.
Bu maksat bilen, kompaniýalara gönüden-göni özara peýdaly aragatnaşyk gurmak mümkinçiligini bermek arkaly iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirjek türkmen-katar işewür geňeşini döretmegiň ähmiýeti barada pikir beýan edildi.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy, döwletiň goldawy netijesinde çalt ösýän türkmen telekeçiliginiň Kataryň baý bazaryna girmek isleýändigini aýtdy we arap telekeçilerini türkmen ykdysadyýetine maýa goýmaga işjeň gatnaşmaga çagyrdy.
Mergen Gurdow ýangyç we energetika toplumy, nebit we himiýa, senagat, elektrik energiýasy, agrosenagat pudagy we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň käbir geljegi uly ugurlary ýaly pudaklary atlandyrdy. Şol bir wagtyň özünde, Kataryň maýadarlaryna geljegi uly bolan türkmen bazaryny özleşdirmäge kömek etmek üçin özüniň ýolbaşçylyk edýän guramasynyň taýýardygyny nygtady.
Öz gezeginde Kataryň Söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň agzasy Mohammed bin Ahmed Al-Obaýdli, KSSE tarapyndan neşir edilen beýanata görä, türkmen kärdeşine Katarly telekeçileriň türkmen kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak isleýändikleri we munuň üçin maýa goýum hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlaryny anyk kesgitlemelidigini habar berdi.
Şeýle hem, Al-Obaýdli duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylan işewür geňeşiniň Katar döwleti bilen Türkmenistanyň arasynda köp formatly hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösmeginde möhüm orun tutjakdygyna ynam bildirdi.
Duşuşykda söwda we senagat edaralarynyň wekiliýetleriniň ýakyn wagtda özara saparlaryny guramagyň zerurlygy barada özara pikir goldanyldy.
Türkmenistanyň we Kataryň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Doha şäherinde geçirilen duşuşygyň Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammiti bilen deň geçirilendigini göz öňünde tutsak, Türkmenistanyň daşary syýasatynda arap ugrynyň has ulgamlaşýandygyna ynanmaga esas bar.
ORIENT news








