Braziliýanyň täze ilçisi Aşgabat şäherine geldi


Braziliýa Federatiw Respublikasynyň ilçisi (ýerleşýän ýeri Astanada) Rubema Antonio Korrea Barboza çarşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýewe ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy. Ministriň orunbasary, diplomaty jogapkär wezipä bellenmegi bilen gutlap, türkmen tarapynyň diplomatik missiýasynyň ýerine ýetirilmeginde ýardam we goldaw bermäge taýýardygyny aýtdy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň saýtynda habar berlişi ýaly, duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibinde pikir alyşma geçirildi. Taraplar döwletara formatda we abraýly halkara gurluşlaryň çäginde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmen tarapy energetika, nebiti gaýtadan işleýän we himiýa senagaty, oba hojalygy, ulag we dokma senagaty ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirdi.
Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Braziliýanyň arasynda medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň giňelmegi, sport we syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar.
ORIENT news








