HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan, Gazagystan, Gyrgyzstan we Özbegistan bilelikde futbol ýaryşlaryny geçirmek isleýärler

Iýul 21, 2023 | 16:43 |6870
Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň we Özbegistanyň futbol birleşmeleriniň ýolbaşçylary halkara derejesindäki futbol ýaryşlaryny, şol sanda dürli ýaş derejelerindäki toparlaryň arasynda birinjiligi geçirmek mümkinçiligine seretdiler.Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň we Özbegistanyň futbol birleşmeleriniň ýolbaşçylary halkara derejesindäki futbol ýaryşlaryny, şol sanda dürli ýaş derejelerindäki toparlaryň arasynda birinjiligi geçirmek mümkinçiligine seretdiler.
Çeşme: kabar.kg

Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň we Özbegistanyň futbol birleşmeleriniň ýolbaşçylary halkara derejesindäki futbol ýaryşlaryny, şol sanda dürli ýaş derejelerindäki toparlaryň arasynda birinjiligi geçirmek mümkinçiligine seretdiler.

Duşuşyk Yssykkölde Gyrgyzstanda geçdi – diýip, Gyrgyz futbol birleşmesiniň (GFB) metbugat-gullugyna salgylanyp, «Кабар» MA-gi habar berýär. Oňa Türkmenistanyň futbol Federasiýasynyň başlygy Arslan Aýnazarow, GFB-niň baştutany Mederbek Sydykow, Gazagystanyň futbol Federasiýasynyň ýolbaşçysy Adlet Barmenkulow we Özbegistanyň futbol Birleşmesiniň birinji wise-prezidenti Rawşan Irmatow gatnaşdylar.

52c3529b-a9cf-41e5-939e-a997699cb683.jpg

Taraplar hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça meýilnamalar, bilelikdäki taslamalaryň esasy aspektleri, şeýle hem infrastrukturany kämilleşdirmek üçin gelejekdäki işler, işgärler çeşmesini pugtalandyrmak we gerekli maliýeleşdirmäni üpjün etmek barada pikir alyşdylar.

Duşuşygyň netijeleri boýunça meýiller barada teswirnama gol çegilmegi ylalaşyldy, bu bolsa iş toparynyň döredilmegi üçin esas bolup hyzmat eder, onuň wezipesi Merkezi Aziýanyň türki dilli ýurtlarynda futbolyň ösüşiniň barşyny kämilleşdirmegiň üstünde işlemek bolar.

«Duşuşygyň barşynda birleşmeleriň ähli ýolbaşçylary hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmak üçin isleg we taýýarlyk bildirdiler» – diýip, GFВ-de duşuşygyň jemleri barada belliklerini aýtdylar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026