Ysraýylyň Türkmenistandaky ilçihanasy özüniň 10-ýyllygyny belledi


Ysraýylyň Türkmenistandaky diplomatiki missiýasy ýurtda bolmagynyň 10-ýyllygyny belledi. Bu mynasybetli dabaraly kabul edişlik 20-nji iýulda ysraýyl ilçihanasynyň binasynda Türkmenistanyň DIM-niň baştutanynyň orunbasary Berdiniýaz Mätiýewiň we Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatiki wekilhanalaryň baştutanlarynyň gatnaşmagynda bolup geçdi.
«Soňky 10 ýylyň dowamynda ilçihananyň tagallalary sebäpli biziň 30-ýyyk hyzmatdaşlygymyz ýurtlaryň ikisi üçin hem has pugta, çuňňur, has möhüm boldy. Soňky 10 ýylyň dowamynda biz Türkmenistan bilen täze mümkinçilikleri döretdik we şu günki günüň hem-de ertiriň wezipelerini çözmek üçin öz hyzmatdaşlygymyzy ösdürdik. Biz oba hojalygy, lukmançylyk, energetika babatynda taslamalary ýerine ýetirdik we wekiliýetleri alyşdyk, syýasy maslahatlary geçirdik» — diýip, diplomatiki missiýanyň metbugat-gullugy Ysraýylyň ilçisi Ismaýyl Haldiniň sözlerini getirýär.
Üstümizdäki ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanda iki ýurduň DIM-niň baştutanlary Raşid Meredowyň we Eli Koeniň gatnaşmagynda Ysraýylyň ilçihanasynyň täze binasy dabaraly açyldy. Şonda taraplar iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň howpsuzlyk we syýasat tarapyndan uly ähmiýete eýedigini bellediler.
ORIENT habarlar








