Türkmenistanyň goranmak we bilim Ministrlikleri adatdan daşary ýadaýlara jogap gaýtarmak boýunça okuw geçirdiler


Türkmenistanyň goranmak Ministrliginiň raýat goranyşyň we halas ediş işleriniň baş müdirligi bilim Ministrligi bilen bilelikde lukmanlar gelýänçä berilýän kömek we kömek bermegiň beýleki görnüşleri boýunça meňzedilen okuwlary geçirdiler. Maý aýyndan iýul aýyna çenli geçirilen çärelere mekdepleriň okuwçylary, mugallymlary we ýolbaşçylary gatnaşdylar. BMG-nyň çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) we Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň goldamagynda geçen okuwlaryň esasy maksady dürli hili adatdan daşary ýagdaýlarda ssenarileri işlemekden barat boldy – diýip, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti haabr berýär.
Bu çäreler TGÝMJ bilen ÝUNISEF-iň arasynda adatdan daşary ýagdaýlarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek baradaky ylalaşyklaryň jemleri we hereketleriň maksatnamasy boýunça, şeýle hem Türkmenistanyň 2015-2030-njy ýyllar üçin betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça Sendaý çarçuwaly maksatnamasyna birikmegi netijesinde geçirildi.
Türkmenistanyň goranmak Ministrliginiň şuňa meňzeş çäreleri her ýylda ýerli derejede — aýratyn kärhanalar we fabrikalar üçin we giň gerimde — welaýat we ýurt derejesinde geçirýändigini bellemelidiris. Oňa şeýle hem TGÝMJ-niň meýletinçileri hem goşulýarlar.
ORIENT habarlar








