HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen küştçüleri Aziýanyň mekdep çempionatynda kümüş we bürünç medallary gazandylar

Iýul 20, 2023 | 02:28 |8922
Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda küşt
boýunça Aziýanyň 17-nji çempionatynda ýaş türkmen küştçüleri ildeşlerimizi täze
ýeňişleri – kümüş we bürünç medallary bilen begendirdiler.Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda küşt
boýunça Aziýanyň 17-nji çempionatynda ýaş türkmen küştçüleri ildeşlerimizi täze
ýeňişleri – kümüş we bürünç medallary bilen begendirdiler.
Çeşme: Türkmenistanyň küşt federasiýasy tarapyndan berildi

Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda küşt boýunça Aziýanyň 17-nji çempionatynda ýaş türkmen küştçüleri ildeşlerimizi täze ýeňişleri – kümüş we bürünç medallary bilen begendirdiler.

13 ýaşa çenli gyzlaryň ýaş derejesinde (G13) bäsleşýän Mähri Agamyradowa mümkin bolan 9 utukdan 6,5 utuk gazanmak bilen ilkinji üç orny Şri-Lankaly we Özbegistanly deň-duşlary bilen paýlaşdy. Ýeňiji şahsy duşuşyklaryň netijesi bilen kesgitlenildi we Şri-Lankaly Mudalige Umandi iki bäsdeşini hem ýeňip, birinji ýeri eýeledi. Mähri ikinji orna mynasyp boldy, oňa öz gezeginde özbegistanly garşydaşy Sewinç Dawlatowany ýeňmek başartdy.

14-nji iýulda rapid boýunça kümüş medal gazanan 17 ýaşly Läle Şöhradowa bu gezek G17 kategoriýasynda geçirilen 9 duşuşykdan 6 utuk toplap, üçünji orny eýeledi, birinji ýerde – Güldona Karimowa (Özbegistan, 7 utuk), ikinji ýere bolsa Begimaý Janybekowa (Gyrgyzystan, 6.5 utuk) mynasyp boldy.

2.jpg

Mähri Türkmenabadyň 13-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Oguljan Reýimowanyň okuwçysy. Läle bolsa Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň 31-nji orta mekdebinde okaýar, halypasy – Gülhan Kurbandurdyýewa.

Şeýle hem, Amanmuhammet Hommadowyň (U17) iň soňky tapgyra çenli medal almak mümkinçiligini saklandygyny bellemelidiris, soňky oýunda ol hatda ýaryşyň liderlerinden biri bolan mongoliýaly Ulziihişig Hişigbatdan hem üstün çykmagy başarypdy, emma netijede mümkin bolan 9 utukdan 5.5 gazanyp, 6-njy orna düşdi. Ýeňiş 7,5 utuk toplan russiýaly küştçi Aleksandr Hripaçenko nesip etdi, mongol bolsa ikinji ýeri eýeledi. 14-nji iýulda geçirilen rapid boýunça ýaryşda Amanmuhammediň rus we mongol garşydaşlaryndan asgyn gelip, bürünç medal alandygyny ýatlatmak isleýäris.

9 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda mümkin bolan 9 utukdan 6-syny toplan Aýa Baýramowa 6-njy setiri, 15 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda bolsa 4 tapgyryň jemi boýunça 100% netije görkezen Gülmira Seýilhanowa bolsa, mümkin, dartgynlylyga bäs gelip bilmän, ýaryşyň orta gürpünde «aýak çekip», netijede 9 utukdan 5.5 toplap, 8-nji setiri eýeledi.

Aziýa çempionaty 20-nji iýulda blis (çalt oýnalýan küşt) ýaryşy bilen tamamlanar. Ýaş küştçülerimiz medallar bilen ildeşlerimizi ýene guwandyrar diýip umyt edýäris.

Çempionata jemi Aziýa we Awstraliýa yklymynyň 17 ýurdundan 330 küştçi, şol sanda Hindistan, Hytaý, Mongoliýa, Gazagystan, Özbegistan we Russiýa ýaly küştçükleriň mekany bolan ýurtlar gatnaşýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026