Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlarynyna ýetmekdäki ikinji meýletin milli synyny hödürledi


19-njy iýulda Durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli foruma gatnaşýan Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri S.Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Durnukly ösüş maksatlarynyna ýetmekdäki ikinji Meýletin milli syny hödürledi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Hasabatyň tanyşdyrylyşynda wekiliýet foruma gatnaşyjylara 2019-njy ýylda ilkinji Synyň hödürlenenden bäri geçen döwürde Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlary, şeýle hem durnukly ösüşi gazanmaga gönükdirilen orta we uzak möhletli milli maksatnamalaryň we strategiýalaryň durmuşa geçirilişi barada maglumat berdi.
Hususan-da, ulag, energetika we ekologiýa ýaly möhüm ugurlara aýratyn üns berildi.
Synda ýurduň ösüşiniň esasy strategiki ugurlaryny görkezýän Durnukly ösüş maksatlarynynyň goşmaça alty sanysy bar. Olar: saglygy goraýyş, ýokary hilli we inklýuziw bilim, azyk howpsuzlygy, gender deňligi, adamlaryň abadançylygyny ýokarlandyrmak, daşky gurşawy goramakdyr.
Durnukly ösüş maksatlaryny ornaşdyrmak üçin strategiki maksatnamalaýyn resminamalara baha berildi. Munuň özi, 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň maksatlarynyň milli strategiýalara, maksatnamalara we hereketleriň meýilnamalaryna ýokary derejede uýgunlaşmagynyň 85%-ni görkezdi. Şeýlelik bilen, tamamlanan we täze kabul edilen ýurt maksatnamalarynda Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmeginiň üznüksizligi üpjün edilýär.
Esasy hasabatyň ahyrynda sorag-jogap alyşyldy, oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň wekiliýetine sorag bermäge we Milli syn barada teswir bermäge mümkinçilik aldylar.
ORIENT news








