Internet arkaly ýaşlary kitaba höweslendirmek maslahatlaşyldy


Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň döwlet ktaphanasynda ýaşlary elektron kitaphanalara çekmek we elektron kitaplary okamaga höweslendirmek boýunça maslahat geçirildi. Oňa kitaphana, bilim we medeniýet ulgamlarynyň işgärleri gatnaşdylar. Bu barada “Нейтральный Туркменистан” gazeti habar berýär.
Maslahata gatnaşyjylar kitaphana ulgamyny döwrüň talabyna laýyklykda döwrebaplaşdyrmak we ony mundan beýläk-de ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Sanly eýýamda ýaşlaryň isleýän kitaplaryny elektron görnüşde elýeterli etmek, täze kitaplar bilen tanyşmaklary we bu boýunça çekişmeleri guramak boýunça çykyşlar edildi.
Maslahatda döwrebap tehnologiýalaryň kitaphana işini ösdürmekde esas goýujy binýat bolup durýandygy aýratyn bellendi. Kitaphanalar bu tehnologiýalaryň berýän mümkinçiliklerini näçe tiz özleşdirse, şonça hem jemgyýetiň elektron kitaphanalara bolan islegi ýokarlanýar.
ORIENT news








