HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Maliýe we ykdysadyýet ministri Nýu-Ýorkda geçirilen ýokary derejeli foruma gatnaşdy

Iýul 18, 2023 | 13:08 |7467
17-nji iýulda Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri S.Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Nýu-Ýorkda “COVID-19-dan soň dikeldiş işini çaltlaşdyrmak we ähli derejelerde 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ugurlarynda Gün tertibiniň doly durmuşa geçirilmegi” atly mowzuk bilen geçirilýän Durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli foruma gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.17-nji iýulda Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri S.Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Nýu-Ýorkda “COVID-19-dan soň dikeldiş işini çaltlaşdyrmak we ähli derejelerde 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ugurlarynda Gün tertibiniň doly durmuşa geçirilmegi” atly mowzuk bilen geçirilýän Durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli foruma gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Çeşme: mfa.gov.tm

17-nji iýulda Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri S.Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Nýu-Ýorkda “COVID-19-dan soň dikeldiş işini çaltlaşdyrmak we ähli derejelerde 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ugurlarynda Gün tertibiniň doly durmuşa geçirilmegi” atly mowzuk bilen geçirilýän Durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli foruma gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Forumyň umumy mejlisinde çykyş etmek bilen, ministr 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş ugrunda Gün tertibini durmuşa geçirmek hem-de milli we halkara derejelerde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlaryny beýan etdi.

Çykyşda ählumumy ösüş maksatlarynyň orta we uzak möhletli milli durmuş-ykdysady maksatnamalara we strategiýalara ornaşdyrylmagynyň ýokary derejesi bellenildi.

Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegi ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga, sagdyn durmuş ýörelgesini ösdürmäge, ählumumy, adalatly we ýokary hilli bilim almak üçin şertleri döretmäge, daşky gurşawyň durnuklylygyny üpjün etmäge, ykdysady işjeňligiň ähli ugurlarynda täzeçillik girizmäge gönükdirilendir. Pandemiýa döwründe Türkmenistanyň aglaba pudaklarynyň ösüşini peseltmän, eýsem, ykdysady ösüşiň durnuklylygyny saklamagy başarandygy bellendi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026