HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň raýatlaryna Russiýa okuw wizasyny almak aňsatlaşdy

Iýul 19, 2023 | 17:33 |47570
22-nji iýuldan başlap Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy Russiýada okamaga gidýän ýurdumyzyň raýatlary üçin talyp wizasyny resmileşdirmäge gerekli resminamalary kabul edýändigini habar berýär.22-nji iýuldan başlap Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy Russiýada okamaga gidýän ýurdumyzyň raýatlary üçin talyp wizasyny resmileşdirmäge gerekli resminamalary kabul edýändigini habar berýär.
Çeşme: ТАСС

22-nji iýuldan başlap Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy Russiýada okamaga gidýän ýurdumyzyň raýatlary üçin talyp wizasyny resmileşdirmäge gerekli resminamalary kabul edýändigini habar berýär.

Wiza üçin resminamalar her şenbe güni kabul ediler. Bu barada ilçihana “ORIENT-e” habar berdi. Şeýlelikde, hepdäniň bir güni ilçihana diňe bir görnüşli wizalary resmileşdirer. Şol bir wagtda, bu Russiýa okamaga gidýän türkmen ýaşlarynyň wiza resmileşdirmek işini aňsatlaşdyrar.

Talyp ýa-da okuw wizasyna ýüz tutýan özi bilen şu resminalary ilçihana ýa-da konsullyk edarasyna alyp gelmelidir:

  • Russiýanyň Içeri işler ministrliginiň okuw wizasyny resmileşdirmek üçin çakylyk haty ýa-da Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň Konsullyk işleri boýunça müdiriýetiniň wiza gözükdirmesi;
  • Çap we elektron görnüşdäki suratly anketa (visa.kdmid.ru web-saýtynda doldurylan);
  • Içerki we daşary ýurt pasporty we olaryň nusgalary (visa.kdmid.ru web-saýtynda doldurylan). Daşary ýurt pasportynyň hereket ediş möhleti 18 aýdan az bolmaly däl.
  • WIÇ ýokanç keseliniň ýoklugy hakynda saglyk güwänamasy (rusça terjimesi we 3 aýyň içinde alnan bolmaly).

Tölegsiz okuw wizasy 5 iş gününiň dowamynda resmileşdirilýär. Gyssagly görnüşdäki wizalar 3 iş gününiň içinde resmileşdirilip, munuň üçin 160 amerikan dollary möçberinde töleg alynýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026