Kazanda Owganystan boýunça Moskwa görnüşli duşuşyk geçiriler
Iýul 17, 2023 | 22:39 |5262


Russiýanyň Kazan şäheri sentýabr aýynda Owganystanyň parahatçylyk meselesi boýunça Moskwa formatynyň täze duşuşygynyň geçiriljek ýeri bolar. Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Owganystan boýunça ýörite wekili Zamir Kabulowyň pikiriçe, duşuşyga formatyň ähli agzalary gatnaşar diýip, TASS habar berýär.
Şeýle hem Kabulow talybanlaryň «çakylygy kabul edendigini» we Russiýa, Hindistan, Eýran, Gazagystan, Gyrgyzystan, Hytaý, Pakistan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan ýaly Owganystan boýunça Moskwa formatynyň ähli agzalarynyň gatnaşjakdygyny aýtdy.
Moskwanyň Owganystan boýunça öňki mejlisi geçen ýylyň noýabr aýynda geçirildi.
ORIENT news








