HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Arkadag şäheriniň okuw jaýlarynda nähili bilim alyp boljakdygy belli boldy

Iýul 18, 2023 | 11:44 |16249
Arkadag şäheriniň 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan işläp başlajak dört sany okuw jaýynda taýýarlygyň 30 hünäri we ugry boýunça bilim almak bolýar.Arkadag şäheriniň 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan işläp başlajak dört sany okuw jaýynda taýýarlygyň 30 hünäri we ugry boýunça bilim almak bolýar.
Çeşme: tdh.gov.tm

Arkadag şäheriniň 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan işläp başlajak dört sany okuw jaýynda taýýarlygyň 30 hünäri we ugry boýunça bilim almak bolýar.

Bu barada resmi türkmen metbugatynda çap edilen «2023-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw jaýlaryna okuwa kabul etmegiň tertibi» şaýatlyk edýär.

Arkadag şäherinde ýokary bilimi Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda almak bolýar. Onda taýýarlygyň «Atçylyk», «Weterinariýa», «Weterinar-arrasaçylyk seljermesi», «Atlara tälim bermek», «Atçylyk sporty we atçylyk syýahatçylygy», «Milli at oýunlary», «Sirk sungaty», «Oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyryş», «Bugalterçilik hasabaty we audit (oba hojalygynda)» ýaly ugurlary boýunça okadarlar.

Berdimuhammet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär merkedebinde «Başlangyç synplarda okatmak» we «Mekdebe çenli bilim we terbiýe» hünärleri boýunça bilim almak bolýar.

Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär mekdebi «Şepagat uýasy», «Laboratoriýa barlagy», «Lukmançylyk işi», «Fiziobejergi we dikeldiş işi», «Akuşerçilik» we «Ortopedik stomatologiýa» hünärleri boýunça bilimi hödürleýär.

Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebi talyplara «Türkmen milli saz gurallary», «Simli saz gurallary», «Üflenip we urulyp çalynýan saz gurallary», «Sazyň täryhy we nazaryýeti», «Wokal sungaty», «Bagşyçylyk sungaty», «Hory alyp barmak», «Saz mugallymçylygy», «Fortepiano», «Halk saz gurallary», «Horeografiýa sungaty», «Nakgaşçylyk» we «Dizaýn» ugurlary boýunça hünär almaga mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň okuw jaýlaryna girmegiň tertibi barada jikme-jik salgy boýunça «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde okaň.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

20:05 Awgust 03, 2026
Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

14:20 Awgust 03, 2026
Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

14:04 Awgust 03, 2026