HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

2027-nji ýyla çenli dünýädäki ähli smartfonlar ýene-de aýrylýan akkumulýatorly bolar

Iýul 18, 2023 | 11:30 |8297
Ýewropa Birleşiginiň täze kanuny smartfonlary öndürijileri 2027-nji ýyla çenli ýewropa bazary üçin diňe akkumulýatorlary aýrylýan gurluşlary öndürmäge borçlandyrdy.Ýewropa Birleşiginiň täze kanuny smartfonlary öndürijileri 2027-nji ýyla çenli ýewropa bazary üçin diňe akkumulýatorlary aýrylýan gurluşlary öndürmäge borçlandyrdy.
Çeşme: gagadget.com

Ýewropa Birleşiginiň täze kanuny smartfonlary öndürijileri 2027-nji ýyla çenli ýewropa bazary üçin diňe akkumulýatorlary aýrylýan gurluşlary öndürmäge borçlandyrdy.

Beýe diýildigi, ähli iri kompaniýalara, şol sanda Apple we Samsung-a smartfonlayň indiki neslini akkumulýatorlary aýrylýan görnüşde döretmeli boljakdygyny aňladýar, sebäbi dürli bazarlar üçi şol bir gurluşyň gaty üýtgeşik konfigurasiýalaryny öndürmek bähbitsiz bolar.

Kanun gurluşlaryň abatlamak üçin has ýararly bolar ýaly we ulanyjylaryň ýörite başarnyklara eýe bomazdan batareýalary özbaşdak çalyşyp bilerleri ýaly edilip kabul edildi. ÝB-de munuň ykjam gurluşlaryň hyzmat ediş möhletiniň uzalmagyna we elektron zyňyndylaryň mukdarynyň kemelmegine getirjekdigine umyt edýärler.

Ähtimal, täze düzgünler smartfonlaryň gelejekde has galyň bolmagyna getirip biler, sebäbi öndürijiler akkumulýatorlary aýrylmaýan gurluşlaryň döredilmegini olaryň şol sebäpli inçe bolýandyklary bilen delillendirýärdiler.

Köp öndürijileriň, aýratynam Apple-iň täze kanundan hoşal bolmajakdygyna garaşylýar. Kompaniýa smartfonlarda birleşdirijiler üçin ýeke-täk ölçegiň —geçen ýylda ÝB tarapyndan tassyklanan USB-C-niň girizilmegi üçin uzak wagtlap garşylyk görkezdi. Olar ähli güýçleri bilen özleriniň ajaýyp birleşduirijisi Lightning-i saklap galmaga synanyşdylar, ýöne üstünlige eýe bolup bilmedi.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmen öndürijileri «SIAL Paris» halkara sergisinde öz önümlerini hödürlediler

Türkmen öndürijileri «SIAL Paris» halkara sergisinde öz önümlerini hödürlediler

22:07 Oktýabr 29, 2026
Putin tebigy gaz eksport edýän ýurtlary hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga çagyrdy

Putin tebigy gaz eksport edýän ýurtlary hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga çagyrdy

20:00 Oktýabr 29, 2026
Hytaý Kilian Mbappeniň Hytaý baradaky sözleri üçin ötünç soramagyny nazara aldy

Hytaý Kilian Mbappeniň Hytaý baradaky sözleri üçin ötünç soramagyny nazara aldy

20:00 Oktýabr 29, 2026