Talyban hökümetiniň Daşary işler ministri Russiýa Federasiýasynyň ilçisinden owganlara Russiýa giriş wizalarynyň berilmegini ýönekeýleşdirmegi haýyş etdi


“Talyban” hereketi tarapyndan esaslandyrylan Owganystanyň wagtlaýyn hökümetiniň Daşary işler ministri Amir Han Mottaki Kabulda Russiýanyň ilçisi Dmitriý Žirnow bilen duşuşdy. Bu barada TASS şenbe güni TOLOnews teleýaýlymyna salgylanmak bilen habar berdi.
Teleýaýlymyň berýän habaryna görä, duşuşygyň barşynda “Mottaki Russiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden owgan işewürlerine we raýatlaryna [Russiýa giriş] wiza berlişini ýönekeýleşdirmegi haýyş etdi”.
Şeýle hem, taraplaryň Owganystan boýunça Moskwa formatynda (2017-nji ýurtda milli barlyşyk prosesine ýardam bermek maksady bilen döredildi; onuň düzümine Russiýa, Hindistan, Eýran, Gazagystan, Gyrgyzystan, Hytaý, Päkistan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan girdi) duşuşyk geçirmek meselesini ara alyp maslahatlaşandyklary bellenilýär. Mottaki bu duşuşyklaryň “sebit derejesinde utgaşdyrmagy ýola goýmakda möhüm rol oýnaýandygyny” aýtdy.
ORIENT news








