HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Diňe pomidor däl - kiçi telekeçiler daşary ýurtlara näme we näçeräk ugradýar

Iýul 13, 2023 | 04:10 |70349
2022-nji ýylda türkmen hususy eksportçylary daşary ýurtlara 608 million dollarlyk önüm satdylar. Şondan senagat önümleriniň paýyna jemi 460 million dollar, ýagny 75%-den gowragy düşýär.2022-nji ýylda türkmen hususy eksportçylary daşary ýurtlara 608 million dollarlyk önüm satdylar. Şondan senagat önümleriniň paýyna jemi 460 million dollar, ýagny 75%-den gowragy düşýär.
Çeşme: orient.tm

2022-nji ýylda türkmen hususy eksportçylary daşary ýurtlara 608 million dollarlyk önüm satdylar. Şondan senagat önümleriniň paýyna jemi 460 million dollar, ýagny 75%-den gowragy düşýär.

Içerki öndürijiler daşary ýurt bazarlaryna näme iberýär?

Goşmaça gymmaty ýokary bolan eksport harytlarynyň arasynda esasy orun polietilen we polipropilen önümlerine degişlidir.

0-1.jpg

Şeýle-de, hususy sektorda dokma önümleriniň önümçiligi ýola goýuldy, bu bolsa, beýleki ugurlar bilen birlikde, türkmen eksportynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny üpjün edýär.

Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň söwdany we eksporty ösdürmek işine jogapkär agzasy Şamämmet Annaew ÝUSAID-iň Merkezi Aziýada söwda boýunça maksatnamasynyň çäginde çarşenbe güni Aşgabatda geçirilen Eksport boýunça Maslahat gününde habar berdi.

1-1.jpeg

Oba hojalygy we azyk önümleri barada aýdylanda bolsa, 2022-nji ýylda daşary ýurtlara ugradylan türkmen pomidorlarynyň we beýleki gök önümleriň, däne, konditer önümleriniň we içgileriň bahasy ABŞ-nyň 148 million dollaryna barabar boldy.

Ykdysadyýetiň hususy pudagyna döwlet tarapyndan kiçi we orta işewürlik maksatlaryna gönükdirilip berilýän goldawlar, şol sanda ýyladyşhanalary gurmak üçin ýeňillikli karzlar öz oňyn netijesini berdi. Häzir ýurdumyzyň ähli sebitlerinde pomidor we beýleki gök önümler ösdürilip ýetişdirilýän iri ýyladyşhana toplumlary bar.

Häzirki wagtda 850 gektar döwrebap ýyladyşhana işleýär, umumy meýdany 650 gektar bolan täze ýyladyşhanalaryň gurluşygy dowam edýär.

2-1.jpeg

Şamämmet Annaýew pomidoryň eksporty barada hem durup geçdi, oňa laýyklykda 2022-nji ýylda türkmen daýhanlary pomidoryň Marvelans, Profanes, Cherry, Merlis, Redons, Pink paradise ýaly sortlarynyň 88 müň tonnadan gowragyny daşary ýurtlara ugratdylar.

3-2.jpg

Ýöne diňe pomidor däl. Ýurdumyzda oba hojalyk işewürligi bilen meşgullanmagyň önümçiligiň özüne düşýän gymmatynyň ep-esli peselmegini we Türkmenistanda öndürilen gök önümleriň sebit bazarlarynda dempingini, ýagny orta bazar bahasyndan arzan bolmagyny üpjün edýän artykmaçlyklaryndan (karz we salgyt ýeňillikleri, elektrik energiýasynyň we gazyň pes bahasy, howa şertleri we ş.m.), üstünlikli peýdalanýan içerki öndürijiler eksportyň gerimini giňeldip, onuň sanawyna täze önümleri goşýarlar. Mysal üçin, hünärmeniň sözlerine görä, 2023-nji ýylda hyýar hasylynyň möwsümleýin möçberi 1,585 tonnadan gowrak, bolgar burçunyň 1000 tonna barabar bolmagyna garaşylýar.

4-2.jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026