Azerbaýjanly kitaphanaçylar «Şuşa - türki dünýäsiniň medeni paýtagty» elektron maglumat bazasyny döretdiler


«Şuşa - türki dünýäsiniň medeni paýtagty» elektron maglumatlar bazasy, Azerbaýjanyň M.F.Ahundzade adyndaky Milli kitaphanasynyň işgärleri tarapyndan taýýarlandy we ulanyjylara hödürlendi.
Sanly maglumat banky birnäçe bölçmleri öz içine alýar. Olaryň arasynda: «Resmi resminamalar», «Şuşa - türki dünýäsiniň medeni paýtagty-2023» ýylynyň çäreleriniň meýilnamasy», «Şuşa - türki dünýäsiniň medeni paýtagty-2023» ýylynyň resmi açylyş dabarasy», «Harybülbül» Halkara saz festiwaly», «Meşhur şahsyýetler Şuşa barada», «Taryh», «Suratlar galereýasy», «Wideo galereýasy» bar diýip, AZERTAJ habar berýär.
Şuşa şäherinde 12-nji maýda TÜRKSOÝ-yň goldmagy bilen «Şuşa - türki dünýäsiniň medeni paýtagty-2023» ýylynyň resmi açylyş dabarasy geçirildi. Baýramçylyk çärelerine Azerbaýjanyň wekilleri, şeýle hem Tçrki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) agza ýurtlarynyň wekilleri, türki döwletleriň hyzmatdaş guramalarynyň ýolbaşçylary we beýleki myhmanlar gatnaşdylar.
ORIENT news








