HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan ÝHHG-nyň her ýylky geçirilýän Parlament Assambleýasynyň Kanadadaky sessiýasyna wekilçilik etdi

Iýul 07, 2023 | 09:02 |5421
Türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň Mejlisiniň halkara we parlamentara aragatnaşyklary boýunça Komitetiniň başlygy Begmyrat Muhamedowyň baştutanlygynda ÝHHG-nyň her ýylky geçirilýän Parlament Assambleýasynyň Wankuwer şäherinde, Kanadada geçen 30-njy sessiýasyna   gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.Türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň Mejlisiniň halkara we parlamentara aragatnaşyklary boýunça Komitetiniň başlygy Begmyrat Muhamedowyň baştutanlygynda ÝHHG-nyň her ýylky geçirilýän Parlament Assambleýasynyň Wankuwer şäherinde, Kanadada geçen 30-njy sessiýasyna   gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.
Çeşme: mfa.gov.tm

Türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň Mejlisiniň halkara we parlamentara aragatnaşyklary boýunça Komitetiniň başlygy Begmyrat Muhamedowyň baştutanlygynda ÝHHG-nyň her ýylky geçirilýän Parlament Assambleýasynyň Wankuwer şäherinde, Kanadada geçen 30-njy sessiýasyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.

Münberden çykyş etmek bilen, türkmen wekiliýetiniň baştutany Türkmenistanyň parahatçylykly diplomatiýa, ykdysady hyzmatdaşlyga, medeni dialoga, şeýle hem ekologiki durnuklylygy üpjün etmäge we terrorçylyga garşy göreşmäge ygrarlydygyny belledi. Ol ÝHHG-nyň çäklerindäki esasy meseleleriň çözgüdi we sebidiň kollektiw howpsuzlygy we gülläp-ösmegi üçin agza-döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygyň ösmegine goldaw bermek üçin ýurt tarapyndan amala aşyrylýan hereketler barada gürrüň berdi.

ÝHHG-nyň Parlament Assambleýasynyň her ýylky geçirilýän sessiýasynyň üns merkezinde ÝHHG agza-ýurtlaryň öňünde durýan howplara, şol sanda terrorçylyga, kiberhowplara, guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşmegiň meseleleri boldy. Gatnaşyjylar şeýle hem adam hukuklaryny öňe sürmegiň, durnukly ösüşiň we daşky gurşawy goramagyň meselelerine seretdiler.

Sessiýanyň soňunda oňa gatnaşyjylar Wankuwer jarnamasyny kabul etdiler, ol ara alyp maslahatlaşmalardan gelip çykýan esasy netijeleri, borçnamalary we maslahatlary özünde saklaýar. Ol ÝHHG-nyň PA-nyň geljek ýyldaky işi üçin ýol kartasy bolup hyzmat edýär.

ORIENT habarlar

m

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmen öndürijileri «SIAL Paris» halkara sergisinde öz önümlerini hödürlediler

Türkmen öndürijileri «SIAL Paris» halkara sergisinde öz önümlerini hödürlediler

22:07 Oktýabr 29, 2026
Putin tebigy gaz eksport edýän ýurtlary hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga çagyrdy

Putin tebigy gaz eksport edýän ýurtlary hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga çagyrdy

20:00 Oktýabr 29, 2026
Hytaý Kilian Mbappeniň Hytaý baradaky sözleri üçin ötünç soramagyny nazara aldy

Hytaý Kilian Mbappeniň Hytaý baradaky sözleri üçin ötünç soramagyny nazara aldy

20:00 Oktýabr 29, 2026