Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Türkmen alymlary oba hojalygyny netijeli ösdürmek boýunça teklipleri öňe sürýärler

Iýul 07, 2023 | 13:25 |9844
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň alymlary Meretmuhammet Hudaýberdiýew we Nasiba Çarykulyýewa damjalaýyn suwaryşyň innowasion enjamy öňe sürýärler. Bu  enjam oba hojalyk ekinlerini suw bilen üpjün etmek bilen birlikde, olary zyýanly mör-möjeklerden goraýan we peýdaly mikroorganizmleriň ösüşine ýardam edýän serişdeler bilen hem üpjün edýär.Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň alymlary Meretmuhammet Hudaýberdiýew we Nasiba Çarykulyýewa damjalaýyn suwaryşyň innowasion enjamy öňe sürýärler. Bu  enjam oba hojalyk ekinlerini suw bilen üpjün etmek bilen birlikde, olary zyýanly mör-möjeklerden goraýan we peýdaly mikroorganizmleriň ösüşine ýardam edýän serişdeler bilen hem üpjün edýär.
Çeşme: awtordan

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň alymlary Meretmuhammet Hudaýberdiýew we Nasiba Çarykulyýewa damjalaýyn suwaryşyň innowasion enjamy öňe sürýärler. Bu enjam oba hojalyk ekinlerini suw bilen üpjün etmek bilen birlikde, olary zyýanly mör-möjeklerden goraýan we peýdaly mikroorganizmleriň ösüşine ýardam edýän serişdeler bilen hem üpjün edýär.

Gyzykly ýeri, bu enjam türkmen alymlary tarapyndan senagat galyndylaryndan taýýarlanyldy. Enjamyň kömegi arkaly peýdaly mikroelementler suw arkaly ösümligiň köküne barar ýaly edilýär. Bu mikroelementler ösümligiň köküne zyýan ýetirmez ýaly edilip ýetirilýär. Bitewi suwaryş ulgamyndan iýmitlendiriş elementleri alýan enjam bu mikroelementlerden ösümligiň dürli ýerindäki we iň düýpdäki köki arkaly iýmitlenip bilmegine şert döredýär.

Alymlar oba hojalygyny netijeli ösdürmek üçin ýene-de bir täze ylmy usuly öňe sürýärler. Bu usul energiýanyň alternatiw usulyny kombinirlemek arkaly tebigy serişdeleri netijeli ulanmakdan ybaratdyr. Bu usul ilki bilen, kalsinirlenen suwotulary, termomineral suwlaryň mikroelementlerini, gidrooksid kalsiýni, seoliti we beýleki goşundylary goşmak arkaly ekologiýa taýdan arassa iýmitlendirijileri öndürmek bilen baglanyşyklydyr.

Kombinirlenen bu goşundynyň ekerançylyk ýerlerinde peýdalanylmagy şorlaşan ýerleriň gaýtadan dikeldilmegine we ýeri peýdaly mikroelementler bilen baýlaşdyrmaga ýardam eder. Ony ösümlikleriň ýüzüne hem sepmek bolar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026