Dört sagat işiň dowamynda Twitteriň Metadaky analogynda 5 mln adam hasaba alyndy


Dört sagat işiň dowamynda Twitteriň Meta-dan analogynda — Threads täze sosial torunda 5 mln ulanyjy hasaba alyndy. Bu barada Meta korporasiýasynyň bilelikdäki esaslandyryjysy Mark Sukerberg özüniň Threads-däki sahypasynda habar berdi.
Tekst habarlaryň täze hyzmaty Threads 6-njy iýula geçilen gije öz işine başlady. Ol dünýäniň 100-den gowrak ýurdunda elýeterdir we 30-dan gowrak dili goldaýar.
App Store onlaýn dükanynda goşundynyň düşündirişinde Threads-iň — «şu gün aladalandyrýan temalardan başlap ertir nämäniň meşhur boljakdygyna çenli ähli zady ara alyp maslahatlaşmak üçin» meýdançadygy barada aýdylýar.
Threads Instagram sosial torundan we Layout surat redaktoryndan soňra Meta degişli bolan üçünji hyzmat bolar.
ORIENT habarlar








