Türkmen žurnalistleri we bilermenleri Bişkekde geçirilen Merkezi Aziýanyň metbugat konferensiýasyna gatnaşýarlar


ÝHHG tarapyndan gurnalan 26-njy Merkezi Aziýa metbugat konferensiýasy 6-7-nji iýulda Bişkekde geçirilýär. Mediýa forumynyň mowzugy – «Çatryklarda. Demokratiýa üçin metbugat azatlygyny goramak». Ara alyp maslahatlaşmalara metbugat wekilleri we Türkmenistanyň bilermenler jemgyýeti hem gatnaşýar.

ÝHHG-nyň metbugat azatlygy boýunça wekili Tereza Ribeýro, Gyrgyzystanyň Medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministri Altynbek Maksutow, Bişkekdäki ÝHHG maksatnamasynyň başlygy Alekseý Rogow we beýlekileriň gatnaşmagynda ýokary derejeli garşylaýyş panelinde köpçülikleýin beýni hüjüminde Merkezi Aziýanyň metbugat bazarynyň hünärmenleriniň gözden geçirmeli gün tertibi we esasy meseleleri hödürlendi.

Şeýle hem, ýygnananlaryň öňünde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň strategiki gözlegler merkeziniň müdiri Şiri Şiriýew çykyş etdi. Ol umuman ýurdumyzyň media pudagynyň ösüşini, şol sanda multimedia žurnalistikasyny häsiýetlendirdi. Adaty, çap edilen metbugat, olaryň döwrebap sanly media gurşawynda uýgunlaşmagy maksady bilen geçiş tapgyryny gçedi.
Häzirki wagtda ýurdumyzda eýýäm onlarça elektron neşirler hereket edýär. Olar demokratiki işleriň ösüşinde, ilatyň syýasy we raýat işjeňligini ýokarlandyrmakda, onuň Türkmenistanda bolup geçýän ähli üýtgeşmelere işjeň gatnaşmagynda uly orun tutýar.

Indi ulanyjylar kontenti döretmäge gatnaşyp bilerler, hünärmen žurnalistler we ýazýan ulanyjylaryň arasynda ýokary bäsdeşligi döredýän blogger pudagy, sosial ulgamlar ösýär.
Şiriýew, döwletiň kanunçylyk derejesinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň pikrini beýan etmekdäki erkinligini kepillendirýändigini belläp, redaktorlar we žurnalistler üçin okuwlary geçirip, olara bilermen goldawyny berip, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ösmegi bilen hem meşgullanýan, ÝHHG ýaly guramalar bilen hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini nygtady.
– Häzirki wagtda Türkmenistan barada häzirki zaman we ygtybarly maglumatlaryň, ýurtda bolup geçýän özgerişlikler we üstünlikler baradaky habarlaryň, iň gowy dünýä tejribesini öwrenmegiň, ýaýlym, çap, elektron metbugatynyň täze formatlarynyň we ülňüleriniň ýüze çykmagynyň global sanly giňişliginde has işjeň wagyz edilmegine zerurlyk döredi diýip, Strategiki gözleg merkeziniň ýolbaşçysy aýtdy.

Ol, Türkmenistanyň Merkezi Aziýa ýurtlaryna sebitdäki maglumat giňişligini goramak we bäş ýurduň döwlet maglumat guramalarynyň derejesinde has işjeň hünär aragatnaşyklar maksady bilen ösüş barada teklip hödürländigini, şeýle hem oňyn maglumat fonuny döretmäge bolan çemeleşmeleri ösdürmek we sebitdäki hakyky ýagdaýa has gowy düşünmek, Merkezi Aziýanyň parahatçylykly we durnukly ösüşi ugrundaky tagallalary ösdürmek maksady bilen Merkezi Aziýanyň metbugat forumyny gurmagy teklip etdi. Şiriýewiň pikiriçe, Aşgabatdaky ÝHHG merkezi bu işde möhüm orun tutup biler.

Maslahatyň mejlisleriniň işini ÝHHG-nyň hünärmenleriniň häzirki wagtda metbugat azatlygyny goramagyň näme üçin möhümdigi barada söhbetdeşligi açdy. Bu konferensiýanyň esasy mowzugynyň gözden geçirilmeginde ÝHHG-nyň metbugat azatlygy boýunça wekili Tereza Ribeýro we metbugat azatlygy boýunça belli bilermenler geňeşiniň bilermeni Erika Marat: şu dartgynly döwürde metbugat azatlygy näme we jemgyýetiň howpsuzlygyny we demokratiýanyň gülläp ösmegini kepillendirip bilmek üçin öňe barýan ýol näme bolup biler? Diýen soraglara jogap berdiler.

Soňra, metbugat azatlygyny goramak bilen dezinformasiýa garşy göreşmek boýunça ilkinji sessiýada, gatnaşyjylar dezinformasiýa habardarlygyny we oňa çydamlylygy ýokarlandyrmak üçin köp pudaklaýyn çemeleşme bilen bu halkara kynçylygy nädip çözüp boljakdygyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Muňa ugurdaşlykda, «Algoritmler we EI asyrynda söz azatlygy» atly ikinji sessiýa geçirilip, onda sanly zamanda ygtybarly, dürli we jemgyýetçilik gyzyklanmalaryna elýeterliligi goramak üçin strategiki çärelere garaldy. EI-iň söz azatlygyna edýän täsirine aýratyn üns berildi.

Forumda çykyş edenleriň arasynda ÝHHG-nyň hünärmenlerinden başga-da, Ýewropanyň akademiki we gözleg toparlary, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň neşirleriniň, şol sanda «Media-Türkmen» habarlar agentliginiň ORIENT saýtynyň baş redaktorlary hem bar. Maslahatyň dowamynda çeşmeleriň goralmagy we žurnalistleriň howpsuzlygy, şol sanda sanly, kanun çykaryjy we Merkezi Aziýadaky köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň beýleki derwaýys meseleleri bilen baglanyşykly amaly meselelerde çykyş ederler.

ORIENT news








